09.12 2022

“Diplomatik gulluk hakynda”, “Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakynda” we “Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek we olaryň öz üstüne ýüklenilen wezipeleri netijeli ýerine ýetirmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrliginiň 2023-nji ýyl üçin çykdajylarynyň sanawy, şeýle hem daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalaryny we konsullyk edaralaryny saklamak üçin çykdajylaryň sanawy tassyklanyldy.

09.12 2022

Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak we diplomatik wekilhanalarynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek hem-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 1996-njy ýylyň 27-nji noýabrynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda berlen ýer bölegini peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky (Daşkent şäheri) ilçihanasyna öz işgärleri üçin Daşkent şäherinde 12 öýli ýaşaýyş jaýyny gurmak barada “Döwlet gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

09.12 2022

Türkmen halkynyň ata-babalarynyň beýik ynsanperwerlik däplerine hem-de Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp we doganlyk täjik halkyna ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky (Duşenbe şäheri) ilçihanasyna Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň “Ergeş Sultanow” daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky 540 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumyny gurmak barada “Döwlet gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

09.12 2022

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde Halkara habarlar merkezini açyp, komitetiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

09.12 2022

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ugry boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek hem-de daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işini kämilleşdirmek hem-de daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

09.12 2022

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny berkitmekde, daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde, ýurduň syýasy, medeni-ynsanperwer we beýleki gatnaşyklaryny ösdürmekde, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň döwlet bähbitlerini goramakda gazanan uly üstünliklerini hem-de diplomatik gullugy ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Öwezgeldiýewiç Meredow “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanyldy.


09.12 2022

Türkmenistanda Internet tory bilen bagly bolmadyk özbaşdak Milli sanly tory döretmek, şeýle hem bu işler bilen bagly durmuşa geçirilmeli çäreleri ulgamlaýyn alyp barmagyň esaslaryny kesgitlemek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Milli sanly tory döretmegiň Konsepsiýasyny işläp taýýarlamak hem-de Milli sanly tory döretmek baradaky taslamany durmuşa geçirmek boýunça iş topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.


09.12 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Wengriýanyň, Latwiýa Respublikasynyň, Gresiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlaryny kabul etdi.

09.12 2022

Şu gün Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň “Fransiýa — Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreý bilen bolan duşuşygynyň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

08.12 2022

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. 

1470 sahypa
Soňky habarlar
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi