Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Begenç Seýdillaýewiç Atagulyýew «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2023-nji ýylyň 10-njy fewralynda çykaran 2-nji karary tassyklanyldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak meselelerine seredildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýylda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde biz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda uly üstünlikleri gazandyk. Geçen ýyl bellän meýilnamalarymyzyň ählisini diýen ýaly ýerine ýetirmegi başardyk. Döwrebap kanunlary işläp taýýarlamak hem-de olary durmuşa ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi.
Aşyrguly Begliýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşatmaly.
Baýmyrat Ilmyradowiç Annamämmedowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesinden boşatmaly.
Serdar Açyldurdyýewiç Joraýewi Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Şahym Abdrahmanowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Muhammetgeldi Nurgeldiýewiç Serdarowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesinden boşatmaly.