Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nebit önümleriniň saklanylyşyna we rejeli peýdalanylyşyna döwlet gözegçiliginiň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine şu konserniň “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň Nebit önümleriniň peýdalanylyşyna gözegçilik gullugyny bellenen tertipde konserniň göni garamagyna almak hem-de ony «Nebit önümleriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçilik gullugy» diýip atlandyrmak tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabaha Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Malta Respublikasynyň Prezidenti Jorj Wella we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Malta Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Siziň Alyhezretiňize we maşgalaňyza 2023-nji ýylda berk jan saglyk, rowaçlyk arzuw edýärin.
Şu gün ýurdumyzda Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna saýlaw möwsüminiň çäklerindäki dalaşgärleri hödürlemek işi tamamlandy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karise Estoniýa Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny hem-de maýa goýum Maksatnamasyny tassyklamagy «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän şu ýylda ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm ädim boldy. Olaryň esasyny «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» kesgitlenen möhüm wezipeler düzýär.
Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň adyndan şanly sene — Belarus Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!