Şu gün paýtagtymyzdaky «Arkadag» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.
Şu gün “Arkadag” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Şu gün Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon ýurdumyza geldi.
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Aşgabada geldi.
Şu gün Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurdumyza geldi.
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Aşgabada geldi.
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirilýär. Munuň özi şeýle görnüşdäki ýokary derejeli ilkinji duşuşykdyr. Şoňa görä-de, ony taryhy waka diýip atlandyrmak bolar.
Şu gün paýtagtymyzda ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip atlandyrylan şygaryna bagyşlanyp, «Garaşsyz Diýaryň geljegi ýaşlar: berkarar döwlet, ösen jemgyýet, bagtyýar nesil» atly maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlis, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Demokratik partiýanyň Syýasy geňeşi, şeýle-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan guraldy.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat berdi.
Ylym we bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen giň gerimli işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan möhüm wezipeleri döwletimiziň intellektual kuwwatyny pugtalandyrmaga, ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.