Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Awstraliýa Arkalaşygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Tokio şäheri) wezipesine bellemeli.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny ýokary derejede we guramaçylykly jemlemek hem-de şu ýylda ýurdumyzyň ýaşlarynyň bilimde, ylymda, sportda, medeniýetde, senagatda, oba hojalygynda, ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda gazanan üstünliklerini giňden açyp görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Ýurdumyzda söwda we telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän ornuny artdyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» strategik ugurlarynyň biridir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri giňden ýaýmak, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen köpugurly gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny, ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak we ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlary çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2024-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň, festiwallaryň sanawy hem-de olary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy.
Sizi we türkmen halkyny ajaýyp baýram — Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, özygtyýarlylyk, hyzmatdaşlyk gymmatlyklaryna berk ygrarlylygyny görkezmegini dowam etdirýär. Bitaraplyk güni ýurduňyzyň goşulyşmazlyk we dünýä giňişliginde netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan syýasaty amala aşyrmagy maksat edinýändigini aýdyň görkezýär.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Geçen aýda ýurdumyzda geçirilen köp sanly syýasy we işewürlik duşuşyklary, halkara forumlar, maslahatlar, sergilerdir döwlet durmuşynyň beýleki möhüm ähmiýetli wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alyp barýan netijeli işleriniň aýdyň beýany boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Abdel Fattah Al-Sisä Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Gansu we Sinhaý welaýatlarynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.