Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň ahyrynda Dubaýda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) eden çykyşyndaky howanyň üýtgemegi hem-de ekologik howpsuzlyk baradaky milli garaýyşlaryň beýany BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde neşir edildi we ýaýradyldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine we ähli ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak hem-de ýokary derejeli hünärmenleri, ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmak boýunça netijeli başlangyçlarynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy.
Täze ýyl mynasybetli Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk arzuw edýärin. Goý, 2024-nji ýyl Size abadançylyk we ösüş getirsin!
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, etrabyň çäginde alnyp barylýan arassaçylyk, abadanlaşdyryş hem-de ýol abatlaýyş işlerinde kemçiliklere ýol berip, özüne ynanylan wezipäni talabalaýyk ýerine ýetirmeýändigi üçin, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň häkimi Gyşykow Agageldi Meretdurdyýewiçe käýinç yglan edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, tabynlygyndaky düzümlere gözegçiligi gowşadyp, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerine ýetirilen ýolgurluşyk işlerinde kemçiliklere ýol berendigi üçin, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy Ýolamanow Serdargeldi Gurbangeldiýewiçe käýinç yglan edildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalary hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň birnäçe meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan bilim edaralaryny has-da kämilleşdirmek, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralarynyň binalaryny gurmak işlerini dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň häkimligine Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap umumybilim berýän mekdebiň we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Baýly gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnamany umumybilim berýän mekdep we umumy ýaşaýyş jaýy üçin daşky eltiji inženerçilik ulgamlaryny çekip bermek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sirk sungatyny has-da kämilleşdirmek, sirkleriň işiniň ösdürilmegini goldamak maksady bilen, şeýle hem “Medeniýet hakynda” we “Sirk we sirk sungaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Döwlet sirklerine, aýry-aýry professional sirk döredijilik toparlaryna “Milli” hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri tassyklanyldy.