Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz saparyň dowamynda bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary, gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy hem-de degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde hem-de özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize, eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek we “Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1152-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
Nurmuhammet Meýlisgeldiýewiç Annagurbanowy Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karise milli baýram — Estoniýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.
Türkmen halky — nusgawy ösüş ýoluny emele getiren, beýik şahsyýetleri dünýä beren halk. Şu ýyl ýurdumyzda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi giňden bellenilip geçiler. Beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat bilen, şeýle hem halkymyzyň isleg-arzuwlary göz öňünde tutulyp, 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Ýaponiýanyň milli baýramy hem-de Onuň Alyjenabynyň doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Onuň Alyjenabynyň doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bruneý Darussalam Döwletiniň Soltany Hajy Hassanal Bolkiaha ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.