Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň gündogar sebitine iş saparyny amala aşyryp, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşdy.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşýarys.
Size şu günki mejlise gatnaşmaga çakylygymyzy kabul edendigiňiz üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirýärin. Biz bu ýerde türki halklaryň hormat-sarpaly, akyl-paýhasly, mynasyp wekillerini görýäris. Pursatdan peýdalanyp, siziň ähliňizi mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 11-12-nji martynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi. Oňa Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy ýurtlaryň ýaşululary gatnaşdylar.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy. Duşuşygyň çäklerinde Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň jemleri jemlenildi, guramanyň geljekki işleriniň, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasyny düzýän halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça saýlap alan özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Munuň şeýledigine şu ýylyň fewral aýynyň syýasy wakalarynyň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Şu gün paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Aksakgallar geňeşiniň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Asif Ali Zardarä Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Tamaş Şuýoka Wengriýanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.