Şu gün paýtagtymyzyň häzirki zaman binagärlik toplumynyň üsti Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurlan ajaýyp bina — işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi bilen ýetirildi.
Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini açyp görkezýän üç günlük giň gerimli sergi açyldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna badalga berildi.
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy, şeýle hem bu sene mynasybetli geçirilýän serginiň hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:
Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň halkyny Beýik Biribaryň rehim-şepagaty bilen doly bolan mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlamaga şatdyryn. Bu mübärek aý dünýäniň musulmanlaryna ruhy gymmatlyklaryny wagyz etmek, özara düşünişmek we mundan beýläk-de özlerini kämilleşdirmek, raýdaşlyk hem-de agzybirlik üçin ýene-de bir mümkinçilikdir. Mukaddes Oraza aýynyň tutuş musulman ymmatynyň dostlukly gatnaşyklarynyň, abadançylygynyň pugtalanmagyna ýardam berjekdigine umyt edýärin.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumany kabul etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Panama Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolando Enrike Barrou Noaddan ynanç hatyny kabul etdi.
Mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de berk jan saglyk, bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy iberýändigime şatdyryn. Şunuň bilen baglylykda, Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize, doganlyk türkmen halkyna we tutuş musulman ymmatyna ösüş, rowaçlyk, parahatçylyk, durnuklylyk, abadançylyk dileýärin.