Şu gün Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bilim ministrligi we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen bilelikde guralan wekilçilikli forum Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna hem-de Ylymlar gününe bagyşlandy.
Sizi giňden bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak babatda uly ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çap edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda we tutuş dünýä jemgyýetçiliginde giňden bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýubomir Frebortdan ynanç hatyny kabul etdi.
Geçen hepde möhüm wakalara baý bolup, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmek, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, ähli ulgamlara döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, dürli senagat, oba hojalyk önümleriniň önümçilik möçberini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň beýany boldy.
Şu gün Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda paýtagtymyzyň “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Aşgabat — sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň şäheri” atly baýramçylyk çäreleri geçirildi.
Şu gün, asylly däbe görä, ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy.