Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.
Şu gün paýtagtymyzda milli senenamamyzyň möhüm seneleriniň biri bolan Ylymlar gününe bagyşlanyp «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.
Sizi «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary we Hormat garawuly nyzama düzüldi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Şu gün Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň arasynda gepleşikler geçirildi.
Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen ýurdumyza iki günlük döwlet sapary amala aşyrýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler başlandy.
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol Türkmenistana geldi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza ýurduň milli baýramy — Portugaliýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ýurdumyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmek, dünýä derejesindäki at-abraýyny has-da beýgeltmek, halkymyzyň röwşen geljegini üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin. Ýer ýüzünde parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini öňe sürüp, halkara jemgyýetçilige dahylly meselelerde möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýän ýurdumyzyň nobatdaky üstünligi bu abraýly halkara gurama we onuň düzümine girýän döwletler tarapyndan bildirilen belent ykrarnamadyr.