Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we düýn günüň ikinji ýarymynda ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Şu gün günüň ikinji ýarymynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş türkmen paýtagtyna sapar bilen geldi.
Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy ýollamak mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Muhammedowiç Aýdogdyýewi, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Serbiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Nepaldaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Nýu-Deli şäheri) wezipesine bellemeli.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny täze, kämil eserler bilen baýlaşdyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, halkymyza medeni taýdan ýokary hilli we döwrebap hyzmat etmek, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda Medeniýet hepdeliklerini türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy-tehniki maksatnamalary işläp taýýarlamak, maliýeleşdirmek we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek, şeýle hem täze işläp taýýarlamalaryň, öňdebaryjy usullaryň, tejribeleriň, tehnologiýalaryň, ylmyň hem-de tehnikanyň soňky gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylyşyny has-da çaltlandyrmak maksady bilen, “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň Tertibi tassyklanyldy.
7-nji iýulda, ýekşenbe güni Aşgabatda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre — aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alyp baran işlerine bagyşlanyp, her aýda taýýarlanylýan syn ählumumy abadançylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolan wakalara beslenen geçen aýyň hem Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna ajaýyp seneler bilen girendigini görkezýär.