Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 05.07.2024
442

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda raýat-hukuk gatnaşyklaryny ösdürmek, döwletimiziň býujet ulgamynyň işini we dolandyrylyşyny döwrebaplaşdyrmak, Pensiýa gaznasynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işlerini has-da kämilleşdirmek, maýyplygy bolan adamlaryň dürli derejeli halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmaklaryny düzgünleşdirmek, ýaş alymlaryň ylmy işler bilen meşgullanmagy üçin has giň mümkinçilikleri döretmek, ýurdumyzda sport ulgamynda amala aşyrylýan işleri Bütindünýä dopinge garşy göreş agentliginiň kodeksine laýyk getirmek, adwokatura we adwokatlyk işi, raýat ýagdaýynyň namalary, tohumçylyk işi bilen bagly kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Şeýle hem Nikaragua Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. BMG-niň halkara bilermeni bilen geçirilen duşuşygyň barşynda “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň” çäklerinde alnyp barylýan işlere syn berildi. Mejlisiň deputatlary BMG-niň Çagalar gaznasynyň, ÝHHG-niň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren çärelerine gatnaşdylar. Bulardan başga-da, deputatlar Özbegistan Respublikasynyň Daşkent, Belarus Respublikasynyň Minsk, Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherlerinde iş saparlarynda boldular, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Rumyniýanyň Buharest şäherinde geçirilen 31-nji ýyllyk mejlisine gatnaşdylar. Deputatlaryň döwlet syýasatyny, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň taryhy we syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, wagyz etmek boýunça degişli işleri alyp barýandyklary barada hem aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, bu ugurda alnyp barylýan işleri düýpli kämilleşdirmegiň wajypdygyna üns çekildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” karzlaşdyrmakda onlaýn ýüztutmalar arkaly berilýän karzlaryň möçberini artdyrmak we onlaýn karzlaşdyrma amallaryny kämilleşdirmek boýunça degişli çäreleri amala aşyrmak wezipesi öňde goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan öz müşderileri bolan fiziki şahslar üçin işlenip taýýarlanylan “Sanly karz” ulgamynyň mümkinçilikleri we artykmaçlyklary barada habar berdi. Hyzmatlaryň bu görnüşi internet ulgamy arkaly müşderilere uzak aralykdan hyzmat edilmegini, şol sanda banklar tarapyndan raýatlar üçin karzlaryň resmileşdirilmeginde sanly ulgamyň kömegi arkaly ýeňillikleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýandygyny, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga we görnüşlerini artdyrmaga yzygiderli üns berilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan fiziki şahslar üçin niýetlenen «Sanly karz» ulgamyny ulanyşa girizmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan gaz üpjünçilik ulgamynda sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda zerur çäreler görülýär, hususan-da, täze tehnologiýalara laýyklykda, tebigy gazy sarp edýän hojalyklarda “akylly” gaz hasaplaýjy enjamlary gurnamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ilatymyzy, edara-kärhanalary tebigy we suwuklandyrylan gaz bilen howpsuz hem-de ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berýän döwrebap gaz hasaplaýjy enjamlaryň gurnalmagynyň wajypdygyny belledi. Gaz üpjünçilik desgalarynyň önümçiligine has kämil aragatnaşyk ulgamynyň ornaşdyrylmagy bolsa sarp edilýän tebigy gaza gözegçiligi has-da güýçlendirmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynda işleriň ýagdaýy, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda galla oragy dowam edýär, ýygnalan bugdaý hasylyny talabalaýyk saklamak üçin hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak işleri geçirilýär. Diýarymyzda 2025-nji ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, häzirki wagtda galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär, bugdaý tohumlaryny, oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça zerur tagallalar edilýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynda bolsa güýzlük gant şugundyrynyň ekişini geçirmek, gögeriş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk toplumyny ösdürmegi dowam etmegiň, welaýatlarda galla oragyny guramaçylykly geçirmegiň, ýygnalan hasyly kabul ediş bölümlerine tabşyrmak işlerine berk gözegçilik etmegiň, bu ugurda tehnikalaryň doly güýjünde we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça hem degişli işleri geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak, beýleki möwsümleýin oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek işlerini-de talabalaýyk alyp barmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň himiýa senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we düzümini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan içerki sarp edijileri himiýa önümleri, hususan-da, himiýa we nebitgaz pudaklarynyň önümçiliklerinde ulanylýan suwuk hlor bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu serişdäni bildirilýän talaplara laýyklykda saklamak maksady bilen, “Balkanabat” ýod zawodynyň Jebel ýük saklanýan bölüminiň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini himiýa önümleri bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri döwrebap guramaga möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Balkanabat» ýod zawodynyň Jebel ýük saklanýan bölüminiň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanan teklibi goldady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew goňşy döwletler bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ikitaraplaýyn daşary ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek hakynda 2022-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Özbegistan Respublikasynyň biziň iň ýakyn hyzmatdaş döwletlerimiziň biri bolup durýandygyny belledi we goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny aýtdy hem-de hödürlenen teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa geljek ýylda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, asylly däbe görä, bu döredijilik çäresi her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guralýar. Şu ýyl bu sungat baýramçylygy Arkadag şäherinde geçirildi. Onuň çäklerinde milli medeni mirasy wagyz etmäge gönükdirilen dürli çäreler guraldy. Hasabatyň dowamynda wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2025-nji ýylda Medeniýet hepdeligini Ahal welaýatynda geçirmek baradaky degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny yzygiderli ösdürmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen medeniýetini we sungatyny has-da kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Döwlet Baştutanymyz Medeniýet hepdeligini türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek maksady bilen, «Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda» Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň Tertibini tassyklamak hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym ulgamy yzygiderli kämilleşdirilip, milli ykdysadyýetimiziň şu günki we geljekki ösüşleri üçin berk binýadyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň kämil kanunçylyk-hukuk binýady kemala getirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ylmy, ylmy-tehniki we innowasiýa işiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça döwlet ylmy-tehniki syýasatynyň amala aşyrylyşynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, täze işläp taýýarlamalaryň, öňdebaryjy usullaryň, tejribeleriň we tehnologiýalaryň, ylmyň hem-de tehnikanyň soňky gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylyşyny çaltlandyrmak, maksatnamalary işläp taýýarlamak, maliýeleşdirmek bilen bagly gatnaşyklaryň düzgünleşdirilişini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan degişli resminamanyň taslamasy taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylmy-tehniki maksatnamalary işläp taýýarlamagyň, maliýeleşdirmegiň we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de ylym ulgamynda täze işläp taýýarlamalary, öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary, ylmyň, tehnikanyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmagy has-da çaltlandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Gündogar Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri Ýewropa sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Hususan-da, Ýewropa Bileleşigine agza bolan Gündogar Ýewropa ýurtlary, ýagny Polşa, Wengriýa, Çehiýa, Rumyniýa we Slowakiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrligi tarapyndan birnäçe teklipler taýýarlanyldy.

Türkmen-polýak hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, şu ýylyň 17-nji iýunynda Warşawa şäherinde iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem “Türkmenistanyň we Polşanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama” gol çekildi. Gepleşikleriň dowamynda polýak tarapy ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, Warşawada Türkmenistanyň konsullyk edarasyny ýa-da nokadyny açmak meselesiniň oňyn ýagdaýda çözülmegine gyzyklanma bildirdi. Bu teklibi içgin öwrenmek üçin şu ýylyň dördünji çärýeginde ýurdumyzyň degişli döwlet düzümleriniň wekillerini Polşanyň paýtagtyna iş saparyna ibermek teklip edilýär.

Şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn iş toparyny döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda bu ugurda polýak tarapy bilen degişli işler alnyp barylýar. Medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklaryň geljegi, şol sanda muzeýleriň ugry boýunça gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň dowamynda Warşawada ýurdumyzdaky muzeý eksponatlarynyň, şol sanda polýak medeniýetine degişli gymmatlyklaryň sergisini guramak boýunça işleriň geçirilmegi teklip edilýär. Polýak tarapy şu ýylyň 17-nji maýynda Aşgabatda açylan “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda meşhur şahyr Adam Miskewiçiň heýkeliniň oturdylandygy üçin hoşallygyny beýan etdi.

Türkmenistan bilen Wengriýany hem dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, ilkinji nobatda, ýokary derejedäki özara saparlary bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban 2023-nji ýylyň iýunynda Türkmenistanda saparda boldy. Şol ýylyň awgustynda bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy. Gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 18-nji iýunynda Budapeşt şäherinde Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Wengriýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy.

Netijeli türkmen-wenger dialogyny pugtalandyrmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň altynjy mejlisini geçirmek teklip edilýär. Bellenilişi ýaly, wenger tarapynyň çakylygy boýunça, şu ýylyň 7 — 11-nji awgustynda Türkmenistanyň wekiliýeti Wengriýada geçiriljek “Kurultaý” medeni çäresine gatnaşar. Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň Medeniýet günlerini we bu ýurtda Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyşy bilen bagly dabaraly çäreleri guramak teklip edilýär. Wenger tarapy hem “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda bu ýurduň meşhur şahyry Şandor Petefiniň heýkeliniň oturdylandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi. Bilim ulgamynda özara gatnaşyklar bilen baglylykda, “Stipendium Hungaricum” maksatnamasynyň çäklerinde geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy.

Türkmenistan bilen Çehiýa Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri şu ýylyň 20-nji iýunynda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda Pragada geçirilen syýasy geňeşmeleriň gün tertibine girizildi. Türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Çehiýanyň Parlamentiniň Başlygynyň orunbasary bilen hem duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça birnäçe teklipler, şol sanda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamanyň ýa-da Maksatnamanyň taslamasyny taýýarlamak, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparyny döretmek, 2025-nji ýylda Çehiýanyň wekiliýetiniň ýurdumyza saparyny guramak baradaky teklipler taýýarlanyldy.

Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde Türkmenistanyň wajyp hyzmatdaşlarynyň biri hem Rumyniýadyr. 2008-nji ýyldan bäri ýokary derejedäki özara saparlaryň we duşuşyklaryň 5-si geçirildi. Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda duşuşyklar yzygiderli guralýar. Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn hökümetara topary hereket edýär, energetika we ulag pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, bu ugurlardaky ýörite iş toparlarynyň mejlisleri yzygiderli geçirilýär. Ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim ulgamynda gatnaşyklar okgunly ösdürilýär.

Döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, 17-18-nji iýulda Buharest şäherinde iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek, şeýle hem şu ýylyň ikinji ýarymynda Buharestde hökümetara toparyň 8-nji mejlisini guramak boýunça zerur işleri amala aşyrmak teklip edilýär. Şonuň bilen birlikde, 2025-nji ýylda Rumyniýa ýokary derejedäki sapary guramak baradaky teklip beýan edildi.

Ýurdumyzyň Slowakiýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Döwletara dialogy täze derejä çykarmak, syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, şu ýylyň 16-17-nji iýulynda Bratislawada Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirmek teklip edilýär. Türkmenistanyň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Slowakiýanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygyň göz öňünde tutulýandygyny, slowak kompaniýalarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen netijeli işewür gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini nazara almak bilen, şu ýylyň 4-nji çärýeginde ýurdumyza dostlukly döwletiň işewür toparlarynyň wekilleriniň saparyny guramak teklip edildi. Şunuň bilen birlikde, 2024-nji ýylyň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işi tamamlamak hem-de şoňa laýyklykda, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Bratislawada hökümetara türkmen-slowak toparynyň mejlisini geçirmek baradaky teklip aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty esasynda dünýä ýurtlary, şol sanda Ýewropa ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň zerur ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministrine Türkmenistan bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmek boýunça zerur işleri geçirmegi dowam etdirmek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gämigurluşyk hem-de gämi abatlaýyş işlerini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, senagaty ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýerli çig maly önümçilikde, şol sanda gämileri arassalamakda ulanmak hem-de ony daşary ýurtlara eksport etmek mümkinçiliginiň öwrenilýändigi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda gämi gurluşygy bilen bir hatarda, gämi abatlaýyş işleriniň hem kämilleşdirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli işlerde ýerli çig maly ulanmak baradaky teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
19.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
19.07
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.07
Integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin ýygymlary tölemegiň Tertibi tassyklanyldy
18.07
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.07
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
18.07
Türkmenistanyň taryhy-medeni gymmatlyklary — adamzadyň mirasy
17.07
Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-NIŇ ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi
17.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
17.07
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.07
Ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga we kärendä bermek boýunça namalary resmileşdirmegiň, hasaba almagyň we bermegiň Tertibi tassyklanyldy
top-arrow