Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşigi boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde «Ahalteke bedewi: türkmeniň dünýewi seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyklara beslenen geçen hepde ýurdumyzyň okgunly ösüşini, özgertmeleriň täze belentliklerine bolan ymtylyşyny aýdyň şöhlelendirýän wakalara baý boldy.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly birnäçe meseleler girizildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen,
Mälim bolşy ýaly, şu günler bütin dünýäde telekeçiligiň hem-de köptaraply hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bir hatarda, maýa goýum strategiýasynyň işjeňleşdirilmegine-de aýratyn ähmiýet berilýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda saýlap alan döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň ýylýazgysynda täze möhüm sahypadyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby Hokon VIII-ä Norwegiýanyň Patyşasy hökmünde tagta geçmegi mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilip geçilýär.