Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Islandiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Halla Tomasdottire we ýurduň ähli halkyna Islandiýanyň milli baýramy — Respublikanyň jar edilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alenka Suhadolnikden ynanç hatyny kabul etdi.
Şu gün paýtagtymyzda Ýewropanyň we Aziýanyň 11 ýurdundan türgenleriň gatnaşmagynda geçirilýän küşt boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy.
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda myhmansöýer türkmen topragynda sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilýän halkara ýaryşyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine giň gerimli maksatnamalar hem-de taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Şu gün Harby akademiýanyň hem-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny hormatlamak dabarasy geçirildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.