Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taryhy asyrlaryň jümmüşine uzaýan türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Daniýa Patyşalygy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmek hem-de pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Ýesper Wary — Dannebrog ordeniniň birinji derejeli rysaryny Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Jenap Waryň ýokary şahsy häsiýetleri onuň öz üstüne ýüklenilen wezipäni Siziň makullamagyňyza mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şeýle ynam bilen, ilçini hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.
Ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de goldamaga we berkitmäge çalyşmak bilen, men jenap Marsel Fortuna Biatony Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Jenap Marsel Fortuna Biatonyň şahsy häsiýetleri hem-de ozalky wezipeleri ýerine ýetirende görkezen erjelligi we paýhasy Siziň Alyhezretiňiziň hormatyny, ynamyny ödemekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynanmaga esas döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de Size meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Size belent hormat goýýandygym, çuňňur dostluga ygrarlydygymyz baradaky ynandyrmalarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.
Ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary goldamaga we pugtalandyrmaga çalyşmak bilen, biz jenap Žýulen de Fraýpony Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldik. Jenap de Fraýponyň iş başarjaňlygy, ýokary şahsy häsiýetleri öz üstüne ýüklenen wezipesini Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we Size biziň adymyzdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Siziň Alyhezretiňize belent sarpa goýýandygymyz baradaky ynandyrmalarymyzy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýäris.
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, milli däp-dessurlary ösdürmekde hem-de iki doganlyk halkyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyryma Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň medeni mirasyny, asyrlardan gözbaş alýan ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry, beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, ony aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljek nesillere ýetirmekde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde, medeniýetleri ýakynlaşdyrmakda we baýlaşdyrmakda, halklaryň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy berkitmekde görkezen aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:
Şu gün Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýäde giňden wagyz etmäge, nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda, ynsanperwer häsiýetlerde terbiýelemäge uly goşandyny goşmak arkaly dürli ulgamlarda zähmet çekip, aýratyn tapawutlanan raýatlarymyzy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlar bilen sylaglamak dabaralary geçirildi.
Türkmeniň beýik akyldar ogly we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy jöwher sözüň gudraty bilen şygryýet äleminde öçmejek yz galdyrdy. Onuň juda giň mazmunly şygyrlary kalbyňy heýjana salyp, ajaýyp durmuşy söýmäge, ynsan mertebesini belent tutmaga, adalatlylyga çagyrýar. Ähli döwürleriň nusgawy şahyrynyň il-ýurt, durmuş, adam ykbaly, söýgi baradaky örän düýpli pelsepä ýugrulan ölmez-ýitmez şygyrlary diňe bir türkmen halkyna däl, eýsem, külli adamzada ençeme asyrlaryň dowamynda ruhy lezzet berip gelýär. Şoňa görä-de, milli şahyrymyz we buýsanjymyz her bir türkmeniň öý-ojagynda, kalbynda we aňynda hemişelik ýaşaýar. Häzirki döwürde ynsanperwer beýik söz ussadynyň düýpsüz döredijilik dünýäsi hemmetaraplaýyn içgin öwrenilýär hem-de halk köpçüligine giňden ýetirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýä ýaýmaga, ösüp gelýän ýaş nesilleri halkymyzyň asyrlaryň dowamynda emele gelen milli gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna hormat goýmak ruhunda, watançylyk, ýokary ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemäge goşan uly şahsy goşantlaryny nazara alyp, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler girizildi.