29.12
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkyň ynam bildirip saýlanlaryny-- Mejlisiň deputatlaryny ýerlerde saýlawçylar bilen işjeň gatnaşyk etmäge, olaryň gündelik iş-aladalary, islegleri we meseleleri bilen gyzyklanyp durmaga, şol meseleleri çözmäge anyk kömek bermek üçin ýagdaýlary bilmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna ýardam bermäge, raýatlary döwlet işlerini dolandyrmaga çekmäge, olaryň hukuk we syýasy medeniýetini ýokarlandyrmaga yzygiderli çagyrýar.
28.12
2017
Şu gün ir bilen Aşgabat — Ýerewan — Frankfurt — Ýerewan — Aşgabat ugry boýunça ilkinji gatnawy amala aşyran “Türkmenistan” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň howa kärhanasynyň “Boing-737-800” uçary türkmen paýtagtynyň Halkara howa menziline gelip gondy.
28.12
2017
Şu gün Kaka etrabynyň Artyk obasynda täze Saglyk öýi ulanmaga berildi. Täze desganyň açylmagy mynasybetli guralan dabara Täze ýyl arçasynyň ýanynda ýaýbaňlandyryldy.
27.12
2017
Şu gün Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde bina edilen keselleriň öňüni almak boýunça ýöriteleşdirilen lukmançylyk toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
26.12
2017
Adalat köşgünde “Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahat Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli guraldy.
25.12
2017
Ýola goýlan asylly däbe görä, ýetip gelýän Täze ýylyň öňýanynda “Döwletliler köşgünde” baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabarada onda terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.
24.12
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl mynasybetli “Mizan” işewürlik merkezinde guralan dabara gatnaşdy.
22.12
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisinde jemagat hojalygy gulluklarynyň, lukmançylyk edaralarynyň, söwda kärhanalarynyň, jemgyýetçilik ulagynyň, energiýa we suw üpjünçilik ulgamlarynyň bökdençsiz işlerini guramagy üpjün etmek boýunça tabşyryklary berdi.
21.12
2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji Baştutanynyň hatyrasyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy.
20.12
2017
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýyl arçasynyň dabaralaryna gatnaşyp, çagalar bilen baýramçylyk şatlygyny paýlaşdy, şeýle hem Olimpiýa şäherjiginiň çäginde Wepaly alabaýyň heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.