Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýeten beýik sepgitlerini dünýä ýaýmak, wagyz etmek, sanly ulgamyň mümkinçilikleri we iň häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan, sebitde deňi-taýy bolmadyk “akylly” şäheriň — Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, şäher gurluşygy boýunça alnyp barylýan tutumly işler, geçirilýän çäreler we gazanylýan netijeler barada halk köpçüligine giňişleýin habar bermek, şeýle hem şäheriň ilatynyň durmuşy hakynda dürli makalalary, maglumatlary çap etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Ilki bilen, Türkmenistana we türkmen halkyna tüýs ýürekden ýokary derejede goýýan hormatyňyz, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlygy, hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek işine goşýan ägirt uly goşandyňyz üçin minnetdarlyk bildirýäris.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda maslahat geçirdi. Onda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramaçylyk meselelerine garaldy.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň 2023-nji ýyldaky üçünji sany okyjylara ýetirildi. Üç dilde taýýarlanylýan žurnalyň täze sanyndaky makalalardyr çeper eserler şanly ýylyň wakalarynyň beýanyna öwrülipdir.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşynda örän möhüm syýasy çäre bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň jemlerine seredildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti wezipesine bellenilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şeýh Haled bin Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy hökmünde bellenilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti wezipesine bellenilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Haled bin Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy hökmünde bellenilmegi mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Arkadag şäheri üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýynyň bellenilmegi bilen baglylykda, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň düzüminde Arkadag şäheriniň döwlet arhiwi döredildi.