Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Katar Döwletiniň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size hem-de doganlyk türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.
Möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşyna agzalarynyň saýlawlarynyň gutarnykly netijeleri jemlenildi. Metbugatda Türkmenistanyň Mejlisiniň täze düzüminiň saýlanan deputatlarynyň sanawlary çap edildi.
Şu gün Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi açyldy. Sergi gazanylan üstünlikleri hem-de ýurdumyzda harytlaryň öndürilişiniň möçberini giňeltmekde we hyzmatlar ulgamyny ösdürmekde geljekki mümkinçilikleri görkezmäge gönükdirilendir.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Sizi Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giň gerimde geçirilýän bu serginiň içerki we daşarky söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmekde, dokma senagatynda döwrebap önümçilik düzümlerini kemala getirmekde, milli el halyçylyk sungatyny kämilleşdirmekde we telekeçilik ulgamyny ösdürmekde ynamly ädimleri ätmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn.
Atajan Orazmyradowiç Mylkyýewi Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
Häzirki döwürde dünýä ýüzünde durnukly ösüşiň hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginiň möhüm şerti hökmünde ekologik meselä aýratyn ähmiýet berilýär. Zyňyndylaryň derejesini doly peseltmek boýunça Türkiýe Respublikasynyň öňe süren başlangyjy bilen baglanyşykly meseleler BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejedäki maslahatynyň gün tertibine girizildi.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.
Geçen hepde möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalara beslenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän hem-de döwletimizi we jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn demokratiýalaşdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeler ýoluna Türkmenistanyň berk ygrarlydygyny tassyklady.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýeten beýik sepgitlerini dünýä ýaýmak, wagyz etmek, sanly ulgamyň mümkinçilikleri we iň häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan, sebitde deňi-taýy bolmadyk “akylly” şäheriň — Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, şäher gurluşygy boýunça alnyp barylýan tutumly işler, geçirilýän çäreler we gazanylýan netijeler barada halk köpçüligine giňişleýin habar bermek, şeýle hem şäheriň ilatynyň durmuşy hakynda dürli makalalary, maglumatlary çap etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.