26.09 2023

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

26.09 2023

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan sungat ussatlarynyň döwlet konserti boldy. Baýramçylyk dabarasyna sahna ussatlary, halypa we ýaş estrada aýdymçylary, meşhur folklor-tans toparlary, Döwlet hory, çagalar döredijilik toparlary gatnaşdylar.

25.09 2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi.

25.09 2023

Size Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyna barýan toýly günlerimizde Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy we aýratyn tapawutlandyryş nyşanynyň — «Altyn Aý» altyn nyşanynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy mynasybetli Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn.

25.09 2023

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Meretdurdy Baýmyradowiç Abdyllaýew Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Aktau şäheri) konsuly wezipesine bellenildi.

25.09 2023

Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, halkara abraýynyň belende göterilmegine uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerini, önümçiligiň öňdebaryjylaryny, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň wekillerini, döredijilik işgärlerini, zähmet weteranlaryny sylaglamak dabarasy geçirildi.

25.09 2023

Şöhratly taryhy müňýyllyklara uzaýan merdana halkymyz ençeme asyrlaryň dowamynda ýurdumyzyň berkararlygyny arzuwlap geldi. Garaşsyzlyk, erkinlik, özbaşdaklyk baradaky belent maksatlar eýýamlardan-eýýamlara, döwürlerden-döwürlere geçip, gözbaşyny Oguz handan alyp gaýdýan türkmen halkynyň diliniň senasyna, göwünleriniň penasyna öwrüldi.

25.09 2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy.


25.09 2023

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.

24.09 2023

Şu gün paýtagtymyzda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.

1538 sahypa
Soňky habarlar
26.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriniň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy
26.10
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
25.10
“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan türkmen alabaý itiniň eýesini “Toýota Camry” kysymly ýeňil awtoulagy bilen sylaglamak bellenildi
25.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
25.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady