Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri giňden ýaýmak, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen köpugurly gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny, ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak we ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlary çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2024-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň, festiwallaryň sanawy hem-de olary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy.
Sizi we türkmen halkyny ajaýyp baýram — Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, özygtyýarlylyk, hyzmatdaşlyk gymmatlyklaryna berk ygrarlylygyny görkezmegini dowam etdirýär. Bitaraplyk güni ýurduňyzyň goşulyşmazlyk we dünýä giňişliginde netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan syýasaty amala aşyrmagy maksat edinýändigini aýdyň görkezýär.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Geçen aýda ýurdumyzda geçirilen köp sanly syýasy we işewürlik duşuşyklary, halkara forumlar, maslahatlar, sergilerdir döwlet durmuşynyň beýleki möhüm ähmiýetli wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alyp barýan netijeli işleriniň aýdyň beýany boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Abdel Fattah Al-Sisä Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Gansu we Sinhaý welaýatlarynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Gansu we Sinhaý welaýatlarynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.
Mälim bolşy ýaly, 10-njy noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyny dowam etdirmek boýunça degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.