Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Netijeli türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugry bilen
Ykdysadyýet
Netijeli türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugry bilen
Çap edildi 18.12.2023
2498

Mälim bolşy ýaly, 10-njy noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyny dowam etdirmek boýunça degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti bu taslamanyň, şeýle-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, goňşy döwletiň demir ýol infrastrukturasyny giňeltmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, ýakynda Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Mottaki, dag-magdan senagaty ministri Şahabutdin Delawar hem-de senagat we söwda ministri Nuretdin Aziz bilen geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ugurlaryň giň toplumy boýunça ösdürmegiň meselelerine garaldy. Hususan-da, taraplar ýokarda agzalan möhüm taslamalaryň amala aşyrylyşyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de iki döwletiň daşary işler ministrleri, wekiliýet agzalary gurluşygy türkmen hem-de owgan kompaniýalary tarapyndan alnyp barylýan energetika, ulag ulgamynyň desgalaryna baryp gördüler.

Bu wajyp taslamalarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasat strategiýasy öz beýanyny tapýar. Bu iri infrastruktura taslamalary sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.

Möhüm ykdysady we durmuş meselelerini çözmek nukdaýnazaryndan örän bähbitli bolan TOPH taslamasy ýurdumyzyň döredijilikli daşary syýasatyna doly laýyk gelýär. Oňa gatnaşyjy ýurtlaryň hoşmeýilli syýasy erkiniň birleşdirilmegi bilen baglylykda, ony, sözüň doly manysynda, deňsiz-taýsyz taslama, ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge uly goşant diýip atlandyrmak bolar. Şunuň bilen birlikde, bu taslama Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde nobatdaky wajyp ädimdir. Strategiýanyň esasy ugurlary milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmakdan, uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, onuň kuwwatyny artdyrmakdan, öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň deňeçerligini üpjün etmek arkaly energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň diwersifikasiýalaşdyrylan ulgamyny döretmekden ybaratdyr.

Türkmenistan deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarly bolup, bu ugurda däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmak, iri nebitgaz kompaniýalary, dünýäniň abraýly maliýe düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak esasynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen energetika dialogynyň ugurlaryny yzygiderli giňeldýär. Türkmenistanda mawy ýangyjyň öňdebaryjy halkara bilermenler tarapyndan tassyklanan ägirt uly gorlarynyň bolmagy ýurdumyza dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan tebigy gazy islendik ugur boýunça uzak möhletleýin esasda ibermäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ugry bilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň hem çekilýändigini bellemek gerek. Bu elektrik geçiriji ulgam TOPH gaz geçirijisiniň ähli infrastruktura desgalaryny elektrik energiýasy bilen üpjün etmekden daşgary, ony Owganystandan üstaşyr Pakistana we Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna eksport etmäge-de mümkinçilik döreder.

Goňşy ýurduň demir ýol infrastrukturasynyň giňeldilmegi babatda Türkmenistanyň netijeli tagallalary hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, Owganystanyň parahatçylykly ösüşine, durmuş-ykdysady infrastrukturasynyň dikeldilmegine, bu döwletiň sebit we dünýä derejesinde döwrebap hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýurdumyzyň uly goşant goşýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidir.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Eswatininiň Patyşasy bilen duşuşdy
23.09
Maýa goýum forumy — uzak möhletleýin durnukly ykdysady ösüş üçin möhüm meýdança
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdy
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikleriniň şanyna
22.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 435 müň dollaryndan gowrak boldy
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow