19.03 2024

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iň ýokary döwlet wezipesine girişmegine iki ýyl dolýar. Türkmen halkynyň durmuşynda möhüm waka bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň taryhynda täze sahypany açyp, ýurdumyzda asyrlaryň dowamynda kemala gelen halk häkimiýetliliginiň özboluşly däpleri bolan demokratik özgertmeleriň üýtgewsiz dowam etdirilýändigini görkezdi.

18.03 2024

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

18.03 2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Wladimir Putine saýlawlarda gazanan ýeňşi we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

18.03 2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wladimir Putine Russiýa Federasiýasynyň Prezident saýlawlarynda ynamly gazanan ýeňşi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

18.03 2024

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

18.03 2024

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.

17.03 2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Irlandiýanyň Prezidenti Maýkl D.Higginse hem-de Irlandiýanyň ähli halkyna ýurduň milli baýramy — Keramatly Patrigiň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

17.03 2024

Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Gudraty Güýçli Allatagaladan agyz beklemegiň düzgünlerini berjaý etmäge medet bermegini hem-de rehimdarlygyny eçilmegini dileýäris.

17.03 2024

Şu gün paýtagtymyzyň häzirki zaman binagärlik toplumynyň üsti Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurlan ajaýyp bina — işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi bilen ýetirildi.

17.03 2024

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini açyp görkezýän üç günlük giň gerimli sergi açyldy.

1536 sahypa
Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi