Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde, eýran tarapynyň haýyşy boýunça, EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasynyň (IRIB) žurnalisti Seýýed Mohsen Hoseýniniň sowallaryna jogap berdi. Munuň özi häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine, iki halkyň medeni-ruhy gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda Diýarymyzda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis boldy.
Daşoguz pagta egriji fabriginde nah we ýüň galyndylaryny, gamyş hem-de gowaça çöpüni gaýtadan işläp, mebel önümçiliginde, gurluşykda ulanylýan serişdeleri öndürýän önümçilik desgasynyň açylyş dabarasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa we ýurduň ähli halkyna ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Gruziýanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat, döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna sapary amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem-de Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen duşuşyklary geçirdi.
Häzirki zaman ýaşlarynyň durmuşyndaky şanly wakalara, olaryň gazanýan üstünliklerine we döredijilik başlangyçlaryna bagyşlanan «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 6-njy sany okyjylarymyza gowuşdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.