Rozyýew Atajan Joraýewiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Astanogly Kullyýewiç Seýidowy Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy kämilleşdirmek arkaly bu pudagyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
Nazarmyrat Geldimyradowiç Nazarmyradowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň oba hojalyk ministri wezipesinden boşatmaly.
Mülkaman Gulnepesowiç Öwezliýewi “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Begmyrat Gurbangeldiýewiç Ataýewi Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Goçmyrat Baýramgeldiýewiç Ataýewi Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Dörtguly Gurbangulyýewiç Süleýmanowy “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellemeli.
Nurmuhammet Arslanowiç Berdiniýazowy “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine bellemeli.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana, Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çžao Leszä hem-de ýurduň dostlukly halkyna täze ýylyň we tebigatyň janlanmagynyň buşlukçysy bolan Bahar baýramynyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.