Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Köpugurly halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny ilerledip
Teswirlemeler
Köpugurly halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny ilerledip
Çap edildi 08.08.2024
780

Abraýly halkara guramalar bilen netijeli dialogyň, dürli formatlarda köptaraply hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Netijeli hyzmatdaşlygy berkitmekde işjeň orny eýeleýän ýurdumyz sebitleýin we ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmek boýunça tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen anyk teklipleri öňe sürýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylyň dowamynda bolup geçen wakalar hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Mart aýynyň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen, Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Mälim bolşy ýaly, bu forum häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak, hyzmatdaşlygyň umumy bähbitlere gabat gelýän täze, netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamak üçin giň dialog meýdançasyny emele getirýär.

Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary, şol sanda BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky teklip hakynda aýratyn durup geçdi. Ýurdumyz bu strategiýany XXI asyrda döwletara we halkara gatnaşyklaryň gurluşy babatda garaýyşlaryň hem-de kadalaryň ulgamy, ony guramagyň guraly hökmünde görýär. Ýeri gelende ýatlasak, bu teklibi hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň bu wezipeleri ýerine ýetirmegiň esasy guraly bolup durýandygy bellenildi. Munuň özi ähli gatnaşyjylaryň bähbitlerini göz öňünde tutýan, howpsuz, durnukly ählumumy gurluşy kemala getirmäge gönükdirilen bitewi dialogy ýola goýmak üçin şertleri üpjün etmegiň aýrylmaz bölegidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze döwrüň meýilleri barada aýtmak bilen, olaryň birine — giň, köpugurly mümkinçiliklere eýe bolan geçiş ykdysadyýetli ýurtlaryň täsiriniň artýandygyna, olaryň dünýäniň häzirki gurluşyndaky esasy wakalara gatnaşygyna we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki ornuna ünsi çekdi. Halk Maslahatynyň Başlygy energetika, ulag ulgamlaryny ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda belledi. Şeýle hem häzirki wagtda tutuş adamzadyň durmuşynda aýratyn howsala döredýän howanyň üýtgemegi meselesine üns çekildi. Türkmenistanyň BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy ýurdumyzyň bu meseleleri çözmäge jogapkärli çemeleşýändigini subut edýär.

Häzirki zaman diplomatiýasy barada durup geçmek bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri onuň ýokary ynsanperwer ugra eýermelidigini belledi. Diplomatiýanyň wezipesi we manysy gepleşikleri geçirmekden, ylalaşygy gözlemekden, özara gatnaşyklaryň mäkäm köprülerini gurmakdan ybaratdyr. Türkmenistanyň tagallalary, ine, hut şu ugurlara gönükdirilendir diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady hem-de ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde toplan tejribesini parahatçylygyň we adamzadyň sazlaşykly ösüşiniň bähbidine gönükdirip, bu işe öz goşandyny goşmaga hemişe taýýardygyny tassyklady.

Antalýa diplomatiýa forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gahryman Arkadagymyz we dostlukly ýurduň Baştutany iki doganlyk halkyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna esaslanýan, ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýän döwletara dialogyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” atly XV halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy hem Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly meýdançalarda üstünlikli özara gatnaşyklary ýola goýýandygynyň ýene bir aýdyň güwäsi boldy. Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 15-16-njy maýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş sapary Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrüldi. Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylda Milli Liderimiz “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” atly XIII halkara ykdysady forumyna hem hormatly myhman hökmünde gatnaşypdy. Şunuň bilen baglylykda, 2009-njy ýyldan bäri her ýyl geçirilýän bu wekilçilikli duşuşygyň işine Türkmenistanyň wekiliýetleriniň birnäçe gezek gatnaşandygyny aýtmak gerek.

Gahryman Arkadagymyz “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň mejlisinde çykyş edip, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, köpugurly döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ýurtlaryňdyr halklaryň arasynda dostlukly, ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe başlangyçlary beýan etdi.

Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk barada durup geçip, hormatly Arkadagymyz foruma gatnaşyjy ýurtlaryň şahyrlarynyň, filosoflarynyň öçmejek eserlerinde öz beýanyny tapan ýokary medeniýetiň, ahlak güýjüniň, çuňňur ruhy mazmunyň biziň umumy baýlygymyzdygyny nygtady. Şu ýyl Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda beýik türkmen nusgawy şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Russiýada, hususan-da, Moskwada, Tatarystan Respublikasynda, Sankt-Peterburgda, Astrahan oblastynda, yslam dünýäsiniň köp ýurtlarynda bu şanly senä bagyşlanan çäreler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Magtymgulynyň ýubileýiniň diňe bir dabaralar bilen çäklenmeli däldigini, medeni-ynsanperwer, ruhy, ylym-bilim ugurly döwletara hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny kemala getirmek üçin başlangyç bolup hyzmat etmelidigini aýtdy.

Kazan şäherine iş saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow hem-de Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew bilen duşuşyklary boldy. Duşuşyklaryň dowamynda dürli ugurlarda uly mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi we okgunly ösüş depgini bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri başga-da birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Gahryman Arkadagymyz RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen bilelikde forumyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan «Russia Halal EXPO» maýa goýum we infrastruktura taslamalarynyň sergisi bilen tanyşdy. Bu ýerde Türkmenistanyň milli pawilýony hem öz ornuny tapdy.

Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, Türki Döwletleriň Guramasy bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mysal hökmünde görkezmek bolar. Ýeri gelende bellesek, 2021-nji ýyldan bäri Türkmenistan TDG-de synçy derejesine eýedir. Şu ýylyň 12-nji martynda Aşgabatda TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň geçirilmegi ýurdumyzyň bu guramanyň işine işjeň gatnaşýandygyny subut etdi. Bu mejlis we onuň çäklerinde bolan duşuşyk 2022-nji ýylyň aprelinden bäri TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň agzasy bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirildi. Geňeşiň mejlisiniň ilkinji gezek TDG-de synçy derejesine eýe bolan döwletde guralandygy bellärliklidir. Türkmenistan ýokarda agzalan çäreleriň Aşgabatda geçirilmegi baradaky başlangyçlary öňe sürüpdi.

Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda Türki Döwletleriň Guramasynyň maslahat beriji edarasy bolan Aksakgallar geňeşiniň işi bilen baglanyşykly ýurdumyzyň garaýyşlaryny we tekliplerini beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri geňeşiň TDG-niň durmuş, medeni-ynsanperwer ugurlardaky işinde möhüm orun eýelemelidigini, döwlet derejesinde gazanylan çözgütleriň, ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegine ýardam bermelidigini belledi. Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy ýaşlary halklarymyzyň baý ruhy mirasynyň, ýokary ahlak gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemegi bilelikdäki işiň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitledi. Şular barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň bu düzümiň çäginde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi berk maksat edinýändigini tassyklady.

Şu ýylyň maýynda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bitarap Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň giňişliginde umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýär. 24-nji maýda geçirilen mejlisiň netijeleri boýunça resminamalaryň birnäçesine, şol sanda Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüde gol çekildi.

Mejlisiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Arkalaşyga agza döwletleriň wekiliýet ýolbaşçylary bilen duşuşyklary boldy. Olarda taraplaryň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge ygrarlydyklary tassyklanyldy.

Arkalaşygyň giňişliginde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we mümkinçilikleri 22-nji maýda döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary bilen geçiren duşuşyklarynyň hem esasy mazmunyny düzdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýulynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy Bitarap Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde giň gerimli gatnaşyklara ygrarlydygynyň aýdyň güwäsi boldy. ŞHG bilen dialog ýurdumyzyň daşary gatnaşyklary giň geografik hem-de düzümleýin esasda diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge esaslanýan halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Gahryman Arkadagymyz «ŞHG+» görnüşinde geçirilen sammitde eden çykyşynda Türkmenistanyň ŞHG-niň ýokary derejede geçirilýän mejlislerine hormatly myhman hökmünde indi birnäçe gezek gatnaşyp gelýändigini belledi. Munuň özi asylly däbe öwrüldi we şeýle dereje Türkmenistana hormat-sarpanyň nyşany, ýurdumyza bildirilýän ynamyň ýokary derejesiniň, ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşmagyň görkezijisi hökmünde kabul edilýär.

Çykyşynyň daşary syýasy bölegini teswirlemek bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri Bitarap Türkmenistanyň esasy maksatlarynyň diňe parahatçylykly, durnukly, açyk-aýdyň ösüş bilen baglanyşyklydygyny nygtady. Muňa bolsa ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik gün tertibi boýunça umumy çemeleşmeleri hem-de utgaşykly garaýyşlary işläp taýýarlamak boýunça tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen anyk başlangyçlary ýardam edýär.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlyga berýän bahasynda özara ykdysady bähbitleriň sazlaşdyrylmagyndan we uzak möhletli hyzmatdaşlyk üçin bar bolan anyk mümkinçiliklerden ugur alýandygyny belledi. Ýewraziýa giňişligi egsilmez serişdelere, demografik kuwwata eýedir, ol okgunly ykdysady ösüşi, ajaýyp ylmy-tehnologik üstünlikleri görkezýär. Bu ýagdaýlar bilelikde Türkmenistan bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ulag-kommunikasiýa, energetika ýaly strategik ulgamlarda netijeli gatnaşyklar üçin oňyn mümkinçilikleri açýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri söwdany, senagat kooperasiýasyny, oba hojalyk ulgamyny, “ýaşyl” gün tertibini, maglumat tehnologiýalaryny, kiçi we orta telekeçiligi çekmek bilen, geljegi uly serhetýaka, sebit işewürlik gatnaşyklaryny beýleki möhüm ugurlaryň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan ŞHG bilen medeni-ynsanperwer, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de işjeňleşdirmäge çalyşýandygyny beýan edýär.

4-nji iýulda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň giň meseleleri gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň barşynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, bar bolan mümkinçilikleri we geljek üçin meýilnamalary nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary anyklaşdyryldy.

Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň Astanada oturdylan ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ajaýyp söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede baýram edilýän ýylynda geçirilen dabara iki doganlyk halkyň medeni we ruhy gatnaşyklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýandygynyň aýdyň nyşany boldy.

Ýurdumyz daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekde Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen netijeli dialogy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň şu ýylyň iýulynda paýtagtymyza amala aşyran sapary möhüm waka boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen iri halkara guramanyň ýolbaşçysynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda ýurdumyzyň BMG bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklanyldy. Şeýle hem 2025-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygynyň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň belleniljekdigi nygtaldy. Bu şanly seneler biri-biri bilen berk baglanyşykly bolup, ýurdumyz BMG-niň belent maksatlaryny durmuşa geçirmekde bilelikde tagalla etmäge taýýardyr. Şunda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edendigini bellemek gerek.

Antoniu Guterrişiň nygtaýşy ýaly, Milletler Bileleşigi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna, döwrüň möhüm meselelerini çözmek hem-de netijeli köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça başlangyçlaryna we jogapkärçilikli çemeleşmelerine ýokary baha berýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman şertlerinde Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem, bütin dünýäde-de howpsuzlygyň, durnuklylygyň esaslaryny berkitmegiň täsirli guraly hökmünde aýratyn ähmiýete eýedigine üns çekildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda geçirilen duşuşykda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky däp bolan özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselesi boýunça pikir alyşmalar dowam etdirildi. Aşgabatda bolan gepleşikleriň netijeleriniň uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, oňa täze itergi bermäge, many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirildi.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklary saklaýan Türkmenistan hyzmatdaşlygyň gerimini barha giňeldýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dowamynda beýleki iri halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza amala aşyran saparlaryny hem bellemek gerek. Şolaryň hatarynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG), BMG-niň ýöriteleşdirilen hökümetara edarasy bolan Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA), Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG), Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretarlarynyň saparlaryny görkezmek bolar.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklar hem okgunly ösdürilýär. Bilelikdäki toparyň işi, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary boýunça alnyp barylýan işler, «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki hyzmatdaşlyk muňa gönüden-göni ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, netijeli sebit we sebitara gatnaşyklary ösdürmekde täsirli meýdança hökmünde özüni tanadan “Merkezi Aziýa +...” görnüşindäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzyň başlangyçly orny eýeleýändigini bellemek gerek.

Şeýlelikde, halkara gatnaşyklaryň möhüm meselelerine yzygiderli we toplumlaýyn çemeleşmek bilen, Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga, sebit hem-de dünýä derejesinde parahatçylygyň, gülläp ösüşiň üpjün edilmegine saldamly goşant goşup, parahatçylyk döredijilik kuwwatyny ählumumy abadançylygyň bähbidine gönükdirýär.

Soňky habarlar
26.12
Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy — umumadamzat gymmatlygy
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
25.12
Mary welaýatynda täze suw arassalaýjy desga açyldy
25.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
24.12
Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlap
24.12
Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi
23.12
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.12
Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda
top-arrow