Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Norwegiýanyň Patyşasy Hokon VIII-ä Onuň Alyjenaby, Norwegiýanyň Patyşasy Harald V-niň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik sungatynyň aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, döwrebaplaşdyrylýan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky işleriň barşy bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli halkara atçylyk we atly sport ugurlary boýunça guraljak medeni çäreleri hem-de dabaralary ýokary derejede geçirmek boýunça maslahat boldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebejini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Ählumumy ösüşiň adalatly, deňeçer, inklýuziw ulgamyny döretmäge ýardam bermek Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Tibet awtonom sebitinde bolup geçen, pajygaly netijelere getiren tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Ramçandra Paudele hem-de Premýer-ministri Balendra Şaha ýurduň demirgazyk sebitlerinde emele gelen suw joşgunlarynyň we süýşgünleriň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getirendigi zerarly çuňňur gynanç bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Gazagystan Respublikasynyň Gurultaý saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli ýürekden gutlaglaryny iberdi.