05.08 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.

05.08 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

05.08 2025

Şu gün BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow bilen duşuşygy boldy.

05.08 2025

Şu gün Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda geçirilýän halkara maslahatyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Patruşew bilen duşuşygy boldy.

05.08 2025

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow bilen duşuşygy boldy.

05.08 2025

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow taryhy ähmiýeti bolan giň gerimli foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

05.08 2025

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde dostlukly ýurtlaryň milli günleriniň açylyş dabarasy hem-de konserti boldy.

05.08 2025

Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet sekretary Marýam bint Ali Al-Misned bilen duşuşdy.

05.08 2025

Şu gün BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň birinji gününiň netijeleri boýunça brifing geçirildi. Onda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş edip, forumyň geçişine syn berdiler.

05.08 2025

Şu gün BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde birnäçe ugurdaş çäreler geçirildi. Olar deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň (DÇBÖBD) Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegine gönükdirilen meselelere bagyşlandy.

1496 sahypa
Soňky habarlar
06.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.07
Ýokary tizlikli aragatnaşyk hyzmatlary — döwrüň okgunly ösüşiniň nyşany
06.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasyna beren interwýusy
06.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 81 müň dollaryndan gowrak boldy
05.07
Ahalteke bedewi — halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň nyşany
04.07
Täze ugurly senagat önümçiligi