Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ýokary derejeli halkara forum geçirildi
Syýasy habarlar
Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ýokary derejeli halkara forum geçirildi
Çap edildi 12.12.2025
48

Şu gün paýtagtymyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara forum geçirildi. Oňa dünýä döwletleriniň, halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri gatnaşdylar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Türkmenistanyň daşary syýasat doktrinasynyň esasyny düzýär. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylan bu hukuk ýagdaýy parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrdy. Oňyn Bitaraplyk dünýä proseslerinden çetleşmek bolman, eýsem, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan işjeň strategiýadyr. Ýurdumyzyň daşary syýasaty sebitde we onuň çäkleriniň daşynda durnuklylyga, howpsuzlyga, özara düşünişmäge ýardam bermäge gönükdirilip, BMG-niň ýörelgelerine doly laýyk gelýär. Türkmenistan halkara hukugyň kadalaryna, BMG-niň Tertipnamasynyň düzgünlerine berk eýerýär. Türkmen Bitaraplygy gapma-garşylyklaryň öňüni almak üçin diplomatik, syýasy we ykdysady gurallaryň işjeň ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Merkezi Aziýada Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy sebit durnuklylygynyň we hoşniýetli goňşuçylygyň möhüm şerti bolup hyzmat edýär. Ýurdumyz sebit hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak, netijeli dialog ugrunda yzygiderli çykyş edýär.

Ykdysady diplomatiýa ýurdumyzyň Bitaraplygynyň wajyp bölegi bolup durýar. Türkmenistan halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça başlangyçlary işjeň öňe sürýär. Bitaraplyk syýasatynyň çuňňur ynsanperwer mazmuny hem bar. Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan ynsanperwer başlangyçlary yzygiderli durmuşa geçirip, halkara guramalar bilen bu ulgamda işjeň hyzmatdaşlyk edýär hem-de ynsanperwer ýörelgelere berk ygrarlydygyny görkezýär.

Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň Bitaraplygy “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly täze filosofik konsepsiýada öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu başlangyjy dünýä jemgyýetçiligini gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, abadançylygy üpjün etmegiň ýeke-täk we ygtybarly guraly hökmünde ynanyşmak, özara hormat goýmak medeniýetini pugtalandyrmaga çagyrýar. Iki taryhy senä — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan şu günki halkara forum bu taglymlary ilerletmek boýunça tagallalary birleşdirmek üçin möhüm meýdança bolup, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, durnukly parahatçylygyň, ösüşiň bähbidine oňyn Bitaraplygyň mümkinçiliklerini ulanmak babatda täze mehanizmleri işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.

...Ir bilen halkara foruma gatnaşýan ýokary derejeli wekiliýet Baştutanlary paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna gül desselerini goýdular. Her bir gül dessesi ýurdumyzyň daşary syýasy ugruna we onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine goýulýan çuňňur hormatyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Soňra wekiliýet Baştutanlary Türkmenistanyň Maslahatlar merkezine geldiler. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda olaryň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy boldy. Soňra döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda halkara forumyň açylyş dabarasy hem-de «Parahatçylyk we ynanyşmak: durnukly geljegiň bähbidine maksatlaryň bitewüligi» atly plenar mejlis geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisi açyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekledi hem-de bu forumyň geçirilmeginiň biziň döwletimiziň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, geçen 30 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy döwletimiziň daşary syýasatynyň berk binýady bolup hyzmat etmek bilen, sebit we halkara howpsuzlygy pugtalandyrmaga, ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge yzygiderli goşant goşýar. Bu halkara forumyň netijeleri umumy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz hemmeleri Türkmenistanda parahatçylyk we ynanyşmak forumyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine gatnaşýandygy üçin Türkmenistanyň halkynyň adyndan mähirli gutlap, foruma döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, iri we abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, görnükli syýasatçylaryň, parlament agzalarynyň, diplomatlaryň, alymlaryň, jemgyýetçilik işgärleriniň gatnaşýandygyny, myhmanlary türkmen topragynda görmegiň türkmen tarapy üçin uly hormat we abraýdygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, bu foruma iri, halkara ähmiýetli waka hökmünde garalýar. Oňa sebit, yklym we ählumumy işler barada oýlanmak, halkara syýasatda parahatçylyk, hyzmatdaşlyk, deňhukuklylyk, ynanyşmak, adalatlylyk, dialog medeniýeti hem-de özara düşünişmek ýagdaýlarynyň ykrar edilmegi üçin badalga nokady hökmünde seredilýär.

Türkmenistan biziň topragymyzda şu gün dünýä gurluşynyň täze, ynsanperwer we öňdengörüjilikli esaslarynyň hem-de ösüşiň hakyky, jogapkärli strategiýasynyň döredilýändigine kanuny esasda guwanyp biler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurdumyzyň bütin dünýädäki hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklarynyň gazanylan derejesine ýokary baha berýändigini, ony aýawly saklaýandygyny aýratyn nygtady. Hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumy açyk diýip yglan edip, bu forumyň geçirilmeginiň dünýä syýasatynda kadalary, gymmatlyklary we ölçegleri ykrar etmek hem-de berkitmek boýunça Türkmenistanyň köpýyllyk yzygiderli işiniň netijesidigini belledi.

Biziň pikirimizçe, olar halkara gatnaşyklaryň ähli häzirki zaman ulgamynyň hukuk we dünýägaraýyş babatda esasyny düzmelidir. Parahatçylygy hem-de ynanyşmagy şeýle esas hökmünde jar edip, biziň ýurdumyz ençeme möhüm ädimleri ätdi we başlangyçlary öňe sürdi. Olar dünýäde düşünmek bilen kabul edildi, hyzmatdaşlarymyz tarapyndan goldaw tapdy. Türkmenistanyň teklibi boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamasynyň kabul edilmegi bilelikdäki işiň netijesi boldy. Munuň özi biziň umumy üstünligimizdir. Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza döwletleriniň syýasy ýolbaşçylarynyň öňdengörüjiliginiň, jogapkärçiliginiň, pähim-paýhasynyň netijesidir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we pursatdan peýdalanyp, bu möhüm çözgüdi goldandyklary hem-de ony kabul etmäge goşan goşantlary üçin hemmelere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz parahatçylygyň we ynanyşmagyň konseptual kadalarynyň Türkmenistanyň milli kanunçylygynda öz beýanyny tapandygyny aýdyp, şu ýylyň sentýabrynda «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilendigini belledi. Bu Kanunda Bitaraplyk, deňhukuklylyga, özara hormat goýmaga, hyzmatdaşlyga, hoşniýetli goňşuçylyga, güýç ulanmazlyga, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, islendik halkara meseleleri diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly çözmäge, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyga, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmaga, adam hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlamaga, ençeme beýleki örän möhüm borçnamalara üýtgewsiz eýermek esasy kadalar hökmünde berkidilýär. Konstitusion kanunyň kabul edilmegi halkara gatnaşyklaryň subýekti hökmünde Türkmenistanyň işini mundan beýläk-de ösdürmekde tapgyrlaýyn waka öwrüldi. Ýurdumyzyň pugta parahatçylygy, durnuklylygy gazanmaga hem-de gorap saklamaga esaslanýan strategik ugrunyň dogrudygynyň we üýtgewsizdiginiň güwäsi boldy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de ýönekeý bolmadyk geosyýasy ýagdaýlaryň häzirki döwründe parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyna ynam bildirdi.

Bu düşünjelere barabar baha bermek we olary dünýä syýasatynyň jedelsiz kadalary hökmünde berkitmek häzirki zamanyň gurluşy barada oýlanmakda netijeli öňegidişlikdir. Howply gapma-garşylyk ýagdaýyndan howpsuzlygyň hem-de ösüşiň ählumumy gurluşynyň netijeli, hakyky, sazlaşykly esaslaryny ýola goýmaga tarap ädimdir. Türkmenistan bu netijäni diňe bilelikde, umumy syýasy, dünýägaraýyş, ynsanperwer esasda BMG-niň Tertipnamasyna, halkara hukugyň ykrar edilen kadalaryna daýanyp, döwletleriň, halkara institutlaryň tagallalaryny birleşdirmek arkaly gazanyp bolar diýen garaýyşdan ugur alýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly örän möhüm taryhy ýubileýe — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna gabat gelýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgütlerinde, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen syýasy-hukuk ýagdaýy bolan hemişelik Bitaraplyk halkara giňişlikde biziň ähli ädimlerimizi, Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini hem-de ägirt uly netijelerini kesgitleýär.

Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we açyklyk netijesinde, häzirki döwürde Türkmenistan onlarça döwlet bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde esasy halkara institutlar bilen ynanyşmagyň hem-de özara düşünişmegiň, hyzmatdaşlygyň görlüp-eşidilmedik derejesine ýetdi. Bitaraplyk we onuň netijesi bolan «Açyk gapylar» daşary ykdysady syýasaty içerki ösüş üçin amatly daşarky şertleri üpjün edip, Türkmenistana ykdysady, durmuş ösüşiniň ýokary depginlerini gazanmaga mümkinçilik berýär. Ilatyň durmuşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga, depginli söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygyny alyp barmaga, iri halkara taslamalary amala aşyrmak üçin özüne çekiji, ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaş bolmaga şert döredýär.

Bitaraplyk Türkmenistanyň şu ýyl dünýäde 80 ýyllyk ýubileýi bellenilýän Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik dialogynyň esasy şerti hökmünde çykyş edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we örän möhüm ählumumy meseleleri çözmekde, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmakda, has giň ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlyga adalatly we sazlaşykly çemeleşmeleri tassyklamakda BMG-niň ýurdumyza jogapkärli hem-de netijeli hyzmatdaş hökmünde garaýandygyna aýratyn ünsi çekdi. Biz Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňelderis, milli, sebit hem-de ählumumy maksatnamalary döretmäge we amala aşyrmaga ünsi jemlemegi, olara ýöriteleşdirilen düzümleri çekmegi gazanarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Türkmen döwletiniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara we sebit durnuklylygyny, howpsuzlygyny üpjün etmäge netijeli, döredijilikli täsiri aýdyň görünýär. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynda türkmen Bitaraplygynyň artýan goldawynda öz beýanyny tapýar. 1995-nji, 2015-nji we 2025-nji ýyllarda Baş Assambleýanyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň ýüze çykmasydyr. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça birnäçe ýyl mundan ozal BMG-niň çäginde Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi hem munuň bir mysalydyr. Bu mysallar Bitaraplygyň, onuň binýatlyk kadalarynyň halkara gatnaşyklaryň tejribesinde barha ähmiýetli we möhüm ýagdaýa öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Şoňa görä-de, biz Bitaraplygyň üýtgewsiz gurluş däl-de, döwür bilen aýakdaş gidýän hem-de täze üýtgeşmelerdir meýillere seslenýän janly döredijilik ýagdaýydygyny hemişe belleýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan häzirki zamanyň halkara syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny ilerledýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we häzirki şertlerde onuň aýratyn zerurlykdygyna, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, agzalalyklary we çaprazlyklary öz wagtynda gepleşiklere ugrukdyrmaga ýardam bermäge ukyplydygyna ynam bildirdi.

Biz Bitaraplygy syýasy we iş ýüzündäki platforma hökmünde peýdalanmagy teklip edýäris, şonuň esasynda häzirki döwürde ylalaşygy, düşünişmegi, ýaraşygy gazanmagyň ýollaryny we usullaryny işläp taýýarlamak mümkindir. Şu nukdaýnazardan, Bitaraplyk bähbitleriň ýakynlaşmagynyň hem-de sazlaşygynyň, hormat goýmak we deňhukuklylyk dialogynyň, pragmatik, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň nusgasyna, ahyrky netijede, ählumumy geosyýasy deňagramlylygy gazanmagyň şertleriniň birine öwrülip biler diýip hasap edýärin. Özara bähbitli, dostlukly halkara gatnaşyklary öz Bitaraplyk syýasaty netijesinde ösdürýän Türkmenistanyň tejribesi Bitaraplygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny we ony Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde ulanyp boljakdygyny görkezýär diýip pikir edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, parahatçylygy döretmek ulgamynda öňüni alyş diplomatiýasynyň syýasy-diplomatik serişdelerini we usullaryny giňden peýdalanýan Milletler Bileleşiginiň baý tejribesine esaslanyp, şeýle hem Bitaraplygyň tejribe häsiýetini ösdürmek, ylmy-barlag, bilim işini amala aşyrmak üçin Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmegi teklip edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu başlangyjyň goldaw tapjakdygyna ynam bildirip, ýurdumyzyň dostlarymyz we hyzmatdaşlarymyz bilen şu meselä jikme-jik seretmäge taýýardygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz türkmen Bitaraplygynyň ýene-de bir aýratynlygy barada aýdyp, biziň Bitaraplygymyzyň Türkmenistanyň hakyky özygtyýarlylygynyň we Garaşsyzlygynyň kanunalaýyk netijesidigine ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, özbaşdak, oýlanyşykly we yzygiderli Bitarap daşary syýasaty alyp baryp, ýurdumyz, ozaly bilen, öz döwletliliginiň berk esaslaryna, taryhy dowamatlylyga, türkmen halkynyň agzybirligine we goldawyna, ähli halklardyr döwletler bilen parahatçylykda, ylalaşyklylykda, hoşniýetli goňşuçylykda ýaşamagy wesýet eden ata-babalarymyzyň köpasyrlyk tejribesine daýanýar. “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy” we “Bitaraplygy” diýen düşünjeler biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr hem-de bitewüdir. Elbetde, biz maksatlarymyzy we wezipelerimizi halkara bileleşigiň, bütin dünýäde köp sanly dostlarymyzyň hem-de pikirdeşlerimiziň giňden goldaýandygyny, olara düşünýändigini aýdyň görýäris we muňa ýokary baha berýäris. Bu goldaw Türkmenistana geljegine umytly garamaga, mundan beýläkki bilelikdäki işiniň meýilnamasyny ynamly düzmäge kömek edýär. Bizi halklaryň arasynda parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de ylalaşygy gazanmaga, olaryň ilerlemegine, abadançylygyna yzygiderli, işjeň, netijeli gatnaşmaga ruhlandyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we hemmelere foruma gatnaşýandyklary hem-de Türkmenistan bilen dostlugy, hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga goşant goşýandyklary üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine söz berdi.

Prezident Wladimir Putin Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşýandygyna şatdygyny aýdyp, mundan 30 ýyl ozal, 12-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini resmi taýdan berkiden Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň buýsandyryjy ýagdaýdygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, bu sene Türkmenistanda milli baýram hökmünde bellenilýär. Soňra türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça hut şol gün BMG tarapyndan “Halkara Bitaraplyk güni” diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurduň Baştutany bu şanly waka bilen hormatly Prezidentimizi, türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Türkmenistanyň mundan 30 ýyl ozal hemişelik Bitaraplyk ýoluny saýlap almagynyň Garaşsyz we özygtyýarly döwlet hökmünde strategik ösüş ugruny kesgitländigini aýdyp, Türkmenistanyň sebitde we dünýäde uly hormatdan, abraýdan peýdalanýan ýurtdugyny nygtady. Türkmenistan baý taryhy, medeni we ruhy mirasyna daýanmak bilen, yzygiderli ösýär, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, durmuş ulgamynda belent sepgitlere ýetýär. Ýurt oňyn, oýlanyşykly daşary syýasaty alyp barýar, sebit hem-de halkara derejede howpsuzlygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar, dünýä proseslerinde oňyn hyzmatdaşlyk, özara ynanyşmak ýagdaýynyň kemala gelmegi üçin yzygiderli tagallalary edýär.

Dostlukly ýurduň Lideri türkmen tarapynyň taýýarlan Aşgabat Jarnamasynyň taslamasyna ýokary baha berip, onuň şu gezekki forumyň dowamynda alnyp barylýan bilelikdäki işiň möhüm netijesi boljakdygyny aýtdy hem-de Russiýanyň bu resminamany doly goldaýandygyny, onda beýan edilen, BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen halkara gatnaşyklaryň möhüm ýörelgelerine berk ygrarlydygyny tassyklady. Bellenilişi ýaly, bu ýörelgeleriň hatarynda parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk; ýurtlaryň we halklaryň özboluşly ösüş nusgasyna, dünýägaraýşyna, ýörelgelerine we dini ynanjyna bolan hukuklaryna hormat goýmak ýaly taglymlar bar.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti çykyşynyň ahyrynda Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek gutlady, şeýle hem Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etjekdigini belläp, bu işde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz many-mazmunly çykyşy üçin russiýaly kärdeşine çuňňur minnetdarlyk bildirip, çykyşda häzirki döwürde parahatçylygy, ynanyşmagy we özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhümdiginiň beýan edilendigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen ikitaraplaýyn strategik gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyz özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ruhunda ynanyşmagy berkitmäge, durnukly hyzmatdaşlygy saklamaga gönükdirilen netijeli dialogy dowam etdirmegi maksat edinýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana söz berdi.

Türkiýäniň Prezidenti hormatly Prezidentimizi, döwlet we hökümet Baştutanlaryny, foruma gatnaşyjylaryň ählisini mähirli mübärekläp, ata Watany hasaplaýan türkmen topragynda ýene-de bir gezek bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi we döwlet Baştutanymyzy hem-de Gahryman Arkadagymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle-de ol hormatly Prezidentimize bu şanly günde halkara forumyň guralandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, Türkiýede Türkmenistanyň her bir gazanýan üstünligine guwanylýar we begenilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň birine öwrüldi. Türkiýe hem-de Türkmenistan umumy taryhy bolan doganlyk ýurtlardyr. Türk we türkmen halklary bir kökden gaýdýan iki doganlyk halklardyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden Türkiýe onuň hemişelik Bitaraplygyny goldanlaryň hem ilkinjileriniň hataryndadyr. Türkiýe Türkmenistanyň parahatçylyk babatdaky garaýyşlaryny goldamak bilen, ähli ulgamlardaky gatnaşyklary ösdürýär, raýdaşlygy pugtalandyrýar. Biz maýa goýum, söwda, energetika we beýleki ulgamlardaky tagallalarymyzyň üstüni berk ynsanperwer gatnaşyklar bilen ýetirýäris diýip, Rejep Taýyp Ärdogan belledi we Türkiýäniň Türkmenistan bilen umumy abadançylyk ugrunda hemişe hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady. Türkiýäniň Prezidenti çykyşynda halkara gün tertibiniň birnäçe möhüm meseleleri barada-da durup geçdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistany we Türkiýe Respublikasyny taryhy kökleriň umumylygynyň, medeniýetleriniň ýakynlygynyň, köpýyllyk doganlyk gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn görnüşde hem, abraýly sebitleýin we halkara guramalaryň çäklerinde hem yzygiderli ösdürilýändigini aýdyp, dostlukly ýurduň Baştutanynyň çykyşynda halkara gatnaşyklary durnuklylaşdyrmak üçin esas bolup durýan parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak meseleleriniň giňişleýin beýan edilendigini aýtdy hem-de döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen dialogy goldaýandygy üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana söz berildi.

Prezident Masud Pezeşkian forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna hoşallyk bildirip, bu çäräniň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelmeginiň möhüm ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynda döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary ýurduň bu ugurdaky tagallalaryny görkezýän wajyp başlangyçdyr. Üç ýyl mundan ozal Eýran Yslam Respublikasy bu başlangyjy buýsanç bilen goldap, hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim edipdi. Bu gün hem biz parahatçylygy söýýän eýran halkynyň adyndan halkara we sebit derejesinde parahatçylyk ugrunda hyzmatdaşlyk tagallalaryny doly goldaýandygymyzy ýene-de bir gezek nygtaýarys diýip, Eýranyň döwlet Baştutany aýtdy. Şeýle-de ol parahatçylygyň we ösüşiň diňe deňhukukly dialog, hyzmatdaşlyk, halkara hukuga hormat goýmak arkaly mümkindigini belläp, bu forumyň umumy maksatlary ilerletmek, sebitiň ýurtlarynyň parahatçylygy, durnuklylygy, ösüşi üçin binýady döretjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz baý mazmunly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Masud Pezeşkianyň halkara durnuklylygy pugtalandyrmaga we ýurtlaryň arasynda ynanyşmagyň derejesini ýokarlandyrmaga degişli möhüm meseleleri gozgandygyny belledi. Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Biziň ýurtlarymyz köp ýyllaryň dowamynda hormatlamaga, açyklyga we özara goldawa esaslanýan ýakyn gatnaşyklary saklap gelýärler. Bu durnukly däpler giň ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy depginli berkitmek üçin ygtybarly esasy döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe söz berdi. Dostlukly ýurduň Baştutany türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny aýdyp, şu gün Türkmenistanda taryhy senäniň — hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygynyň baýram edilýändigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, hemişelik Bitaraplyk syýasaty Türkmenistana halkara derejede abraý getirdi. Ol ýurduň uly taryhy üstünligine, onuň parahatçylyk ýörelgelerine ygrarlylygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu syýasat giň Ýewraziýa yklymynda durnukly ösüşe uly goşant goşdy. Şeýle wekilçilikli forumyň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara derejede ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy berkitmekdäki aýratyn ornuny tassyklaýar. Bu ýokary derejeli duşuşykda beýan ediljek garaýyşlardyr teklipleriň XXI asyrda bitaraplygyň möhüm ähmiýetini ýene-de bir gezek görkezjekdigine ynanýaryn diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew belledi.

Gazak Lideri bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň bitiren taryhy hyzmatlaryna ünsi çekip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary bilen Türkmenistanyň dünýä giňişliginde halkara ähmiýetli möhüm teklipleri öňe sürýän ýurt hökmünde ykrar edilendigini aýtdy. Ol Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň türkmen halkynyň köpasyrlyk medeni we ruhy däpleri bilen sazlaşykly utgaşýandygyna ünsi çekip, türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularynda bu möhüm ýörelgäniň öz beýanyny tapýandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, parahatçylyk, ynanyşmak, adamkärçilik ýaly esasy gymmatlyklar türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatynda aýdyň ýüze çykýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Gazagystan bu möhüm Kararnamany goldady. Çünki parahatçylyk we ynanyşmak biziň daşary syýasat strategiýamyzyň esasy binýadydyr. Biz parahatçylykly, deňagramly diplomatiýany alyp barýarys, netijeli dialoga ymtylýarys, ählumumy we sebitleýin howpsuzlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýäris diýip, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti aýtdy hem-de durnukly ösüş üçin parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi. Ol çykyşynyň ahyrynda ählumumy parahatçylygyň bähbidine tagallalary birleşdirmekde, möhüm başlangyçlary öňe sürmekde şu günki forumyň ähmiýetini nygtap, onuň işine üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz çuň mazmunly çykyşy üçin gazak Liderine minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Gazagystany ynanyşmaga we parahatçylykly ýaşaşmak ýörelgelerine eýermek däplerine esaslanýan köpýyllyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gazagystanyň abraýly halkara, sebit guramalarynda Türkmenistanyň başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygyny, munuň iki ýurduň arasynda özara düşünişmegi we raýdaşlygy berkitmegiň möhüm şerti bolup hyzmat edýändigini belledi.

Soňra Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa söz berildi. Dostlukly ýurduň Lideri bildirilen myhmansöýerlik we forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hoşallygyny beýan edip, parahatçylygy, özara ynanyşmagy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm çärä gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Ol 30 ýyl mundan ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany kabul etmeginiň bu ýagdaýy halkara hukuk taýdan tassyklanan üýtgewsiz ýörelge hökmünde görkezendigini we parahatçylygy, ösüşi pugtalandyrýan döwlet hökmünde ýurduň taryhynyň täze tapgyryna ýol açandygyny aýtdy. Geçen ýyllarda Türkmenistan öz saýlap alan Bitaraplyk ýolunyň dogrudygyny we strategik ähmiýetini subut etdi. Bitaraplyk derejesi içerki syýasy durnuklylygy, jemgyýetdäki ylalaşygy üpjün etdi, ýurduň yzygiderli ösüşi üçin berk binýady goýdy. Munuň esasynda giň gerimli ykdysady özgertmeler, iri infrastruktura we durmuş maksatly taslamalaryň amala aşyrylmagyna ýol açyldy. Bitaraplyk diňe bir hukuk derejesi bolman, eýsem, döwlet ösüşiniň we milli strategiýanyň esasy bölegi bolan halkara syýasy filosofiýa hem öwrüldi diýip, Prezident Sadyr Žaparow sözüni dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, Gyrgyz Respublikasynda Türkmenistanyň sebitleýin meseleleri çözmäge goşýan goşandyna ýokary baha berilýär. Häzirki zaman şertlerinde açyk dialog, birek-birege goldaw bermek we utgaşykly hereket etmek has zerurdyr. Türkmenistanyň bu ugurdaky öňdengörüjilikli orny Merkezi Aziýada parahatçylyk, özara düşünişmek, hyzmatdaşlyk üçin möhüm şertleri döretdi. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmegi munuň aýdyň mysalydyr. Gyrgyz Respublikasy bu başlangyja ýokary baha berdi we onuň işjeň tarapdary bolup çykyş etdi.

Şeýle-de Prezident Sadyr Žaparow şu ýylyň awgustynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýetini belläp, onuň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlara halkara goldawy güýçlendirmek, ulag-logistika mümkinçiliklerini giňeltmek, infrastruktura durnuklylygyny pugtalandyrmak ugrunda möhüm ädim bolandygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan syýasaty durnukly ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygyň berkarar bolmagynyň netijeli binýady bolup biljekdigini aýdyň görkezdi diýip, belent mertebeli myhman belledi hem-de Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny we türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz baý mazmunly çykyşy üçin Prezident Sadyr Žaparowa minnetdarlyk bildirip, onuň beýan eden garaýyşlarynyň sebitde özara düşünişmegi berkitmek, hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar depginli ösdürilýär hem-de anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Biziň ýurtlarymyz BMG-niň, beýleki halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, howpsuzlygy, durnukly ösüşi berkitmäge gönükdirilen başlangyçlary goldaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de umumy parahatçylyga, durnuklylyga, ösüşe ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Soňra Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona söz berildi. Ol, ilki bilen, Türkmenistanyň Hökümetine we Birleşen Milletler Guramasyna şu günki möhüm çäräniň geçirilýändigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň halkyny hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, Aşgabatda parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň geçirilmegi Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, parahatçylyk döredijilikli diplomatiýa berk ygrarlydygynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Täjigistan Respublikasy Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýär. Geçen 30 ýylyň dowamynda Türkmenistan Bitaraplyk hukuk derejesiniň halkara gatnaşyklarda netijeli orun eýeläp biljekdigini görkezdi. Dünýäniň häzirki geosyýasy ýagdaýlarynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyç aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Parahatçylyk we ynanyşmak halkara gatnaşyklary ilerletmekde, dünýä giňişliginde hyzmatdaşlyk, durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmekde wajyp orun eýeleýär hem-de çylşyrymly meseleleri özara düşünişmek, umumy jogapkärçilik ýagdaýynda çözmek üçin şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, durnukly ösüşiň esaslaryny pugtalandyrmak we durmuş-ykdysady kynçylyklaryň öňüni almak üçin halkara jemgyýetçiligiň utgaşykly çäreleri görmegi zerurdyr. Şol bir wagtyň özünde howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak ýaly ekologik meseleler bilelikdäki tagallalary talap edýär. Biziň ýurdumyz halkara hyzmatdaşlar bilen bu işe hemişe öz goşandyny goşýar diýip, Täjigistanyň Prezidenti sözüni jemledi.

Döwlet Baştutanymyz çykyşy hem-de Türkmenistanyň we onuň halkynyň adyna aýdan hoşniýetli sözleri üçin dostlukly ýurduň Prezidentine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýändigini hem-de onuň köpýyllyk ynanyşmaga, dostluga daýanýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň sebitde parahatçylygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmak ugrunda edýän bilelikdäki tagallalarynyň ikitaraplaýyn derejede hem, abraýly halkara düzümleriň çäklerinde hem öz beýanyny tapýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz çykyş etmek üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe söz berdi. Goňşy döwletiň Baştutany sözüniň başynda forumyň ýokary guramaçylygy we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, bu möhüm sene Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygynyň güwäsidir. Prezident Şawkat Mirziýoýew forumyň parahatçylyk döredijilik işini ilerletmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak we özara hormat goýmak medeniýetini berkitmek üçin möhüm syýasy platforma bolup durýandygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň türkmen halkynyň milli özboluşlylygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny, onuň gadymy däp-dessurlardan, medeni we ruhy gymmatlyklardan gözbaş alýandygyny aýtdy. Şeýle-de özbek Lideri türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk filosofiýasyny işläp düzmekde we wajyp başlangyçlary durmuşa geçirmekde eýeleýän uly ornuny belläp, bu syýasy-diplomatik ýörelgeleriň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýändigini nygtady.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi beýleki döwletleriň özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerini özünde jemläp, şol bir wagtyň özünde oňyn halkara gatnaşyklary üpjün etmäge gönükdirilen işjeň parahatçylyk hem-de diplomatik başlangyçlar bilen sazlaşykly utgaşýar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Şawkat Mirziýoýew Aşgabatdaky BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň netijeli işini we onuň sebitde durnuklylygy üpjün etmäge goşandyny mysal getirdi. Özbegistanyň we Türkmenistanyň strategik garaýyşlary, daşary syýasy çemeleşmeleri ýakyndyr. Şunuň bilen baglylykda, biz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek başlangyjyny goldaýarys diýip, Özbegistanyň Prezidenti belledi.

Çykyşynyň dowamynda özbek Lideri häzirki zaman şertlerinde parahatçylygyň, özara dialogyň aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň dünýä bileleşigi tarapyndan uly goldawa eýe bolandygyny nygtady. Özbegistan bu başlangyjy doly goldady hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynyň awtordaşlarynyň biri boldy. Biz bu başlangyja ýurtlary birleşdirýän, gapma-garşylygy aradan aýyrýan we meseleleri gepleşikler arkaly çözmäge mümkinçilik döredýän, halklaryň jebisleşmegi, hyzmatdaşlyk etmegi üçin esasy platforma hökmünde garaýarys diýip, Şawkat Mirziýoýew aýtdy. Çykyşda Türkmenistanyň energetika we suw diplomatiýasy, durnukly ulag baglanyşygy, sebit hyzmatdaşlygy boýunça halkara başlangyçlaryň ählumumy abadançylygy üpjün etmekdäki orny bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, şu ýylyň awgustynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň halkara ähmiýetine üns çekildi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew çykyşynyň ahyrynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň umumy abadançylygyň esasy bolup durýandygyny aýdyp, bu gymmatlyklary pugtalandyrmagyň halkara bileleşigiň ileri tutulýan wezipesi bolmalydygyna ünsi çekdi hem-de Özbegistanyň işe mundan beýläk-de öz mynasyp goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz özbek kärdeşine many-mazmunly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň köp ýyllaryň dowamynda durnukly hem-de netijeli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Sebit durnuklylygyny pugtalandyrmaga, ulag-logistika gatnaşyklaryny, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen anyk başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilip, iki halkyň durnukly ösüşine, abadançylygyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi hem-de çykyşy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana söz berildi. Ol Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumda çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belläp, bu möhüm çäräni guraýandygy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde parahatçylygy, ynanyşmagy, bitaraplygy yzygiderli ilerledýändigi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk bildirdi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamasy gapma-garşylyklary parahatçylykly ýollar arkaly çözmek, döwletleriň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ilerletmek üçin möhüm binýady döredýär. Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edilmegine 30 ýyl dolýar. Şu geçen döwürde hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň wajyp şerti hökmünde öz ähmiýetini görkezdi. Biz Türkmenistanyň Bitaraplyk, ynanyşmak we dialog taglymlaryny ilerletmek arkaly halkara parahatçylyga, howpsuzlyga goşýan goşandyna ýokary baha berýäris. Ermenistan Respublikasy Türkmenistanyň BMG-de bu ugurdaky başlangyçlaryny hemişe goldaýar. Parahatçylyk dialogy, adalatlylygy, adam hukuklaryny we mertebesini pugtalandyrmak boýunça yzygiderli tagallalary talap edýär. Döwletlerdir halklaryň arasynda ynanyşmagyň döredilmegi parahatçylygy durnukly ýagdaýda saklaýan binýatdyr diýip, Prezident Waagn Haçaturýan nygtady.

“Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny bellemek bilen, dialog, özara düşünişmek, hyzmatdaşlyk arkaly parahatçylygy we ynanyşmagy ilerletmäge ygrarlydygymyzy tassyklalyň!” diýip, Ermenistanyň Prezidenti çykyşyny jemledi.

Hormatly Prezidentimiz çuň manyly çykyşy üçin Prezident Waagn Haçaturýana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, ynanyşmak, düşünişmek ýörelgelerinde dowam etdirilýändigini belledi. Biz Ermenistan bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetine ýokary baha berýäris. Ençeme möhüm meseleler boýunça ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň laýyk gelmegi parahatçylyk, durnuklylyk we hyzmatdaşlyk ideýalaryny ilerletmäge ýardam berýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we çykyşy üçin ermeni kärdeşine ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşide söz berdi. Ol, ilki bilen, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan bu möhüm forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna çuňňur hoşallygyny beýan edip, Yrak Respublikasynyň dialogy, özara düşünişmegi sebitde hem-de dünýäde durnuklylygy üpjün etmegiň esasy şerti hökmünde görýändigini aýtdy.

Häzirki döwrüň ykdysady, ekologiýa meseleleri raýdaşlyk, ynanyşmak we umumy jogapkärçilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy talap edýär. Mynasyp durmuş hem-de abadançylyk biziň halklarymyzyň maksadydyr diýip, Prezident Abdul Latif Raşid aýtdy we bu forumy gurandygy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyşy üçin Yrak Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, onuň halkara durnuklylygy pugtalandyrmaga we dialogy ösdürmäge degişli möhüm meseleler barada durup geçendigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky döwletara hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, özara hormatlamak ýörelgelerine esaslanýar. Türkmenistanyň we Yrak Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar hil taýdan täze derejelere çykarylýar. Bu bolsa syýasy, ykdysady, ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karlos Manuel Wila Nowa söz berdi. Ol hormatly Prezidentimize we türkmen halkyna Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi.

Karlos Manuel Wila Nowa çykyşynda sebitleýin durnuklylygyň, hyzmatdaşlygyň, açyk dialogyň ähmiýetini belläp, olaryň döwletiň gülläp ösmegine mümkinçilik berýän esasy sütünlerdigini aýtdy. Şunda bitaraplyk syýasatynyň parahatçylygy üpjün etmekde we dostlukly gatnaşyklary ilerletmekde ähmiýetine üns çekildi. Ol bitaraplygyň parahatçylygyň arhitekturasyny emele getirýändigini, onuň döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ynsanperwer başlangyçlary ösdürmäge, häzirki döwrüň meselelerine deňagramly çözgütleri işläp taýýarlamak üçin tagallalary birleşdirmäge ruhlandyrýandygyny aýtdy. San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti bitaraplygyň deňhukukly ykdysady hyzmatdaşlygyň hereketlendiriji güýji bolup durýandygyna üns çekip, bu konsepsiýanyň maýa goýumlary çekmek, infrastrukturany ösdürmek, azyk hem-de energetika howpsuzlygyny üpjün etmek üçin möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz many-mazmunly çykyşy üçin Prezident Karlos Manuel Wila Nowa minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň ählumumy giňişlikde parahatçylykly ýaşaşmak we netijeli dialog ýörelgelerine eýerýändigine ýokary baha berýär. Ýurdumyz halkara guramalaryň çäklerinde San-Tome we Prinsipi bilen hyzmatdaşlyga döwletleriň arasynda durnukly ösüşe we özara düşünişmäge umumy çalyşmagyň möhüm düzümi hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Soňra Pakistanyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarife söz berildi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu möhüm çärä gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, geçen ýyllaryň dowamynda bu hukuk derejesi BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen tassyklanyldy. Bu bolsa halkara bileleşigiň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýändigine şaýatlyk edýär.

Pakistanyň Premýer-ministri şu gün Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilýändigini, bu senäniň ýylyň-ýylyna Aşgabatda türkmen halky bilen bilelikde halkara derejede baýram edilýändigini nygtady. Ol şu ýyl bu senäniň aýratyn ähmiýetlidigini, çünki BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edendigini aýtdy hem-de ynanyşmagyň halkara durnuklylygyň we hyzmatdaşlygyň esasy binýady hasaplanýandygyny belledi.

Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty dünýäniň ähli ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy we dost-doganlygy berkitmäge gönükdirilendir. Bu ugur ýurdumyzyň taryhy taýdan kemala gelen daşary syýasy ugry bolup, ýurduň Prezidentiniň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Çykyşynyň dowamynda belent mertebeli myhman ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryna ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň parahatçylyk, durnukly ösüş we halkara dialog ugrunda öňe sürýän başlangyçlary dünýä derejesinde giň ykrarnama eýe bolýar. Ýurdumyz parahatçylyk dörediji we hyzmatdaşlyk merkezi hökmünde giňden tanalýar. Awgust aýynda Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk köprülerini gurýan ýurt hökmünde çykyş edýändigini ýene bir ýola aýdyň görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Halkara Bitaraplyk gününiň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän gününde geçirilen bu forumyň geljek üçin parahatçylyga, hyzmatdaşlyga we durnukly ösüşe bolan ygrarlylygy tassyklamak üçin uly mümkinçilikleri döredýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz çykyş üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasy bilen özara düşünişmäge, umumy maksatlara esaslanan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini aýtdy. Hut şeýle çemeleşme iki halkyň gülläp ösmeginiň bähbidine geljegi uly taslamalar üçin berk esasy döredýär. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň dürli ugurlar boýunça yzygiderli hyzmatdaşlyk edýändiklerine, munuň bolsa sebitde ösüş üçin durnuklylygy pugtalandyrmaga we mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam berýändigine ünsi çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzä söz berdi. Ol halkara maslahata gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň halkara jemgyýetçiligi parahatçylyk, hyzmatdaşlyk we ynanyşmak ýaly ýörelgelere çagyrýan möhüm senedigini belledi. Gruziýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Hökümetine sebitleýin hem-de ählumumy derejede dialogy, hyzmatdaşlygy, oňyn gatnaşygy ösdürmekdäki yzygiderli tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Häzirki wagtda adamzadyň öňünde durýan möhüm meseleleriň, şol sanda gapma-garşylyklaryň, howanyň üýtgemegi ýaly wehimleriň çözülmeginde parahatçylyk hem-de ynanyşmak möhümdir diýip, dostlukly ýurduň Premýer-ministri belledi hem-de şu babatda bu forumyň ähmiýetini nygtady.

Gruziýa halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýörelgelerini durmuşa geçirmäge doly ygrarlydyr. Şunuň bilen baglylykda, Premýer-ministr Irakliý Kobahidze gruzin tarapynyň durnukly geljegiň diňe ýakyn dialoga, yzygiderli tagallalara we umumy maksatlara esaslanýandygyna ynanýandygyny belledi. Çykyşynyň ahyrynda ol ählumumy parahatçylygy ilerletmäge gönükdirilen bu forumyň wajyp başlangyçlary öňe sürmekde täze mümkinçilikleri döredýändigini aýdyp, onuň işine üstünlikleri arzuw etdi.

Premýer-ministr Irakliý Kobahidzä çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz onuň çykyşynda sebit durnuklylygyny pugtalandyrmaga hem-de halkara dialogyň ýörelgelerini ilerletmäge degişli möhüm garaýyşlaryň bellenilendigini aýtdy. Bu ugurlaryň uzak möhletleýin ösüşi, özara baglanyşygy üpjün etmek üçin uly ähmiýeti bardyr.

Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadowa söz berildi. Ol foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Azerbaýjan Respublikasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Bitaraplyk hukuk derejesi resmi taýdan ykrar edilen Türkmenistan 30 ýylyň dowamynda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda uly işleri durmuşa geçirdi. Azerbaýjan Türkmenistanyň BMG-de öňe süren başlangyçlaryny yzygiderli goldady we 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň awtordaşlarynyň biri bolup çykyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurduň Premýer-ministri Azerbaýjanyň Türkmenistanyň bu başlangyçlaryna parahatçylygyň we howpsuzlygyň ählumumy arhitekturasyna wajyp goşant hökmünde garaýandygyny, BMG-niň howandarlygynda Türkmenistanyň Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjyna ýokary baha berýändigini aýtdy.

Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar taryhy köklere, ruhy we medeni gymmatlyklara, dost-doganlyga esaslanýar. Ol soňky ýyllarda depginli ösüşe eýe boldy. Şu ýylyň dowamynda iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlykda täze sahypany açan özara saparlar hem munuň aýdyň mysalydyr diýip, Premýer-ministr sözüni dowam etdi. Ol şu ýylyň iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň Azerbaýjana amala aşyran saparynyň ähmiýetine ünsi çekip, onuň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarandygyny belledi. Şunuň bilen bir hatarda, sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek, köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm platforma öwrülen Azerbaýjan, Türkmenistan, Özbegistan üçtaraplaýyn ýokary derejeli duşuşygynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy.

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ykdysady, ulag, energetika ýaly ugurlary öz içine alýar. Şeýle hem dostlukly ýurduň Premýer-ministri Fizuli şäheriniň ýaşaýjylarynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu şäherde metjit gurmak baradaky başlangyjy üçin minnetdarlyk hatyny iberendiklerini buýsanç bilen ýatlady. Çykyşynyň ahyrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz giňişleýin çykyşy üçin dostlukly ýurduň Premýer-ministrine minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň sebit hyzmatdaşlygy boýunça belläp geçen ugurlarynyň parahatçylygy, durnuklylygy, özara düşünişmegi ilerletmek üçin möhüm esas bolup durýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty bilen baglylykda, Azerbaýjan Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini aýdyp, parahatçylygyň we açyk dialog ýörelgelerine eýermegiň ikitaraplaýyn derejede hem, BMG-niň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde hem bilelikdäki başlangyçlary ilerletmekde amatly şertleri döredýändigine ynam bildirdi.

Soňra çykyş etmek üçin Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri Rassel Dlaminä söz berildi. Ol Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu taryhy foruma ýokary döwlet derejesinde gatnaşmagyň Eswatini Patyşalygy üçin uly hormatdygyny belläp, foruma gatnaşmaga çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan etdi.

Belent mertebeli myhman Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähli ýurtlar we halklar bilen açyk, dostlukly gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň bu ugry saýlap alyp, parahatçylyk medeniýetini nusgalyk häsiýete öwürýändigini aýtdy. Premýer-ministr Rassel Dlamini ýurduň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilendigini, munuň Türkmenistanyň belent halkara abraýyny şertlendirýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz çykyşy üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, ähli döwletler, şol sanda Afrika yklymynyň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy. Türkmenistan Eswatini Patyşalygy bilen hyzmatdaşlyga, ýurduň özara dialog ýörelgelerine eýerýändigine ýokary baha berýär. Bu çemeleşmeler Türkmenistanyň halkara giňişlikde parahatçylyga, durnuklylyga hem-de deňhukuklylyga gönükdirilen hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň esasy ideýalaryna köp babatda laýyk gelýär.

Döwlet Baştutanymyz Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Premýer-ministri Nýo So söz berdi. Ol bildirilen myhmansöýerlik üçin Mýanmanyň wekiliýetiniň adyndan Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň bu halkara forumy guramagy dialogy, özara düşünmegi, parahatçylygy hem-de durnuklylygy berkitmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty 30 ýylyň dowamynda parahatçylyk, özara hormat goýmak, dialog ýörelgeleriniň sebit we halkara derejede ösdürilmegine uly goşant goşup gelýär. Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmak, diplomatiýany ösdürmek boýunça yzygiderli tagallalary ýokary baha mynasypdyr. Şunuň bilen baglylykda, Premýer-ministr Nýo So forumyň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň parahatçylyk we Bitaraplyk ýörelgeleriniň ählumumy tagallalary mundan beýläk-de ilerletmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Mýanmanyň Premýer-ministrine çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, onuň halkara hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň ugurlary babatda beýan eden garaýyşlarynyň döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin gymmatly bolup durýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşyjylaryň ählisine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, wekiliýet Baştutanlarynyň çykyşlarynyň, teklipdir garaýyşlarynyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini pugtalandyrmak boýunça alnyp baryljak geljekki işler üçin esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Umuman, biziň bu forumymyzyň oňa gatnaşyjylara şu maksatlar üçin bitaraplyk usullaryny peýdalanmagyň mümkinçiliklerine hemmetaraplaýyn seretmegi teklip edýändigini bellemek gerek diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we gysga arakesmeden soňra, parahatçylyk medeniýetini ösdürmegiň hem-de ilerletmegiň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin forumyň işini dowam etmegi teklip etdi.

Arakesmeden soňra, plenar mejlis türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dowam etdi. Gahryman Arkadagymyz ilki ýokary derejeli wekiliýet Baştutanlary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde resmi surata düşdi.

Milli Liderimiz foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň dünýä bileleşigi bilen bilelikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyny giňden belleýändigini, bu wajyp senäniň Garaşsyz türkmen döwleti üçin ähmiýetli wakadygyny, onuň daşary syýasatyndaky tapgyrlaýyn sepgitdigini belledi. Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi dünýäde ählumumy parahatçylygy we ylalaşyklylygy pugtalandyrmagyň, özara düşünişmäge, ynanyşmaga esaslanýan halkara gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de ösdürmegiň bähbidine dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýan ýurt hökmünde Garaşsyz Watanymyzyň abraýyny has-da belende galdyrýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we hemmeleri Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara forumda mübärekledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri foruma gatnaşyjylara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna işjeň gatnaşýandyklary üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Forum dünýäniň köp sanly döwletleriniň, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny hem-de wekillerini, syýasatçylary, diplomatlary, jemgyýetçilik işgärlerini bir ýere jemledi. Bu möhüm syýasy çärä gatnaşyjylaryň giň wekilçilikli düzümi Türkmenistana goýulýan hormatyň hem-de ynamyň, ýurdumyzyň halkara syýasatdaky oňyn ornunyň, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna goşýan goşandynyň ykrarnamasydyr. Forumda garaljak meseleler durnuklylygyň berkidilmegini, dünýä döwletleriniň okgunly hem-de durnukly ösüşini üpjün etmegi, durmuş, ynsanperwer häsiýetli birnäçe çärelere garamagy, häzirki wagtda öňümizde durýan ählumumy gün tertibiniň beýleki ugurlaryny öz içine alýar diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy.

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň dowamynda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde beýleki ýurtlardaky hyzmatdaşlar, köpugurly birleşikler hem-de edaralar bilen bilelikde Türkmenistan maksada okgunly oňyn daşary syýasat işlerini durmuşa geçirdi. Bu işler sebit we halkara formatlarda dürli derejelerde alnyp baryldy hem-de halkara gatnaşyklaryň oňyn ýagdaýda netijeli ösdürilmegi üçin şertler döretmek, dünýä syýasatynda ynamy gaýtadan dikeltmek, dialog medeniýetini berkarar etmek ýaly umumy maksat bilen birleşdirildi. Häzirki wagtda bu ýörelgelerdir maksatlar aýratyn ähmiýete eýedir.

Dünýä gurluşynyň köp ugurlary boýunça dürli çemeleşmeleriň emele gelen şertlerinde Türkmenistanyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjy kanunalaýykdyr. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasy häzirki döwrüň möhüm wakasy bolmak bilen, BMG-niň agza döwletleriniň, tutuş dünýä bileleşiginiň, syýasy we diplomatik toparlaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Halkara gatnaşyklar ulgamynda çözgütleriň kabul edilmegine dahylly adamlaryň aňynda uly ähmiýetli waka hökmünde orun aldy. Köp sanly ýurtlar bu ugurda iň wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşylanda, oňyn, özara hormata esaslanýan söhbetdeşlik ýagdaýyny emele getirmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyna göz ýetirdiler.

Elbetde, biziň başlangyjymyz tötänleýin däldir. Bu başlangyç Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly, durnukly amala aşyrylmagynyň, dürli çylşyrymly ýagdaýlary diňe syýasy-diplomatik ýollar hem-de usullar arkaly çözmek üçin oňyn şertleriň kemala gelmegine gönükdirilen parahatçylyk söýüji, Bitarap döwlet hökmündäki köpýyllyk tagallalarynyň kanunalaýyk tapgyryna öwrüldi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly şeýle mümkinçiligi döredýär. Şoňa görä, onuň ähmiýeti, hakykatdan-da, ählumumy derejä çykýar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda dünýä dürli ýagdaýlar bilen baglanyşykly çylşyrymly döwri başdan geçirýär. Şunda ähli jogapkärli, sagdyn, parahatçylyk söýüji güýçleriň jebisleşmegi, olaryň agzybirligi hem-de çylşyrymly ýagdaýlara, howpsuzlygyň ählumumy arhitekturasynyň bozulmagyna howp salýan wehimlere garşy durmaga taýýarlygy ozalkylardan has zerurdyr. Türkmenistan häzirki wagtdaky dünýä meselelerine durmuşa ukyply, hakyky ýagdaýa görä çemeleşilmegi üçin ýeke-täk serişde hökmünde dialog esasynda parahatçylyk we ynanyşmak başlangyjyny öňe sürmek bilen, syýasatyň we diplomatiýanyň, jemgyýetçilik pikiriniň, taryhy tejribäniň, toplanan ynsanperwer, medeni mirasyň ähli mümkinçiliklerini has işjeň we netijeli peýdalanmagyň zerurdygyndan ugur alýar. Şunda dünýä bileleşiginiň, jemgyýetçilik-syýasy gurluşyna, çäk ölçegine, ilat sanyna, beýleki ýagdaýlara garamazdan, ähli döwletleriň mümkinçiliklerini oňyn derejede utgaşdyrmaklary syýasy pähim-paýhasy, erk-islegi hem-de öz garaýyşlaryna ygrarlylygy talap edýär. Häzirki wagtda biz dünýäniň geljegi üçin jogapkärdiris diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we şunda, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasyny göz öňünde tutýandygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nygtaýşy ýaly, köptaraplaýyn kanunylyga hem-de ygtyýarlylyga eýe bolan ýeke-täk halkara gurama hökmünde BMG-niň mümkinçiliklerini peýdalanmak zerurdyr. Parahatçylyk we ynanyşmak esasynda hyzmatdaşlyk BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen, ykrar edilen syýasy-hukuk esaslarynyň, anyk we aýdyň ýörelgeleriň bolmagyndan, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, özygtyýarlylyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk taglymlaryndan ugur alýar. Bu ýörelgelere eýermek parahatçylygy gorap saklamagy, hereketleriň anyklygyny üpjün eder, birek-birek bilen söhbetdeşlik medeniýetiniň sütünini täzeden gurmaga mümkinçilik berer. Häzirki wagtda parahatçylyk we ynanyşmak taglymatyny ilerletmek, adaty diplomatiýadan başga-da, gepleşikleri geçirmegiň parlament ýollarynyň peýdalanylmagyny, zenanlar, ýaşlar diplomatiýasynyň netijeli ulanylmagyny talap edýär. Biziň ýurdumyz munuň üçin köp tagalla edýär. Diňe soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistan öz çäginde bu ugurda iri çäreleri, şol sanda wekilçilikli halkara hem-de sebit derejeli forumlary geçirdi. Şunda syýasy çözgütleriň kabul edilmegine täsir etmegiň goşmaça gurallaryna eýe bolan halk diplomatiýasynyň resmi diplomatiýa üçin möhüm goldaw bolup biljekdiginden hem-de şeýle bolmalydygyndan ugur alynýar.

Gahryman Arkadagymyz hormat goýmaga esaslanýan oňyn döwletara gatnaşyklaryň alnyp barylmagynda maglumat dialogyna wajyp ornuň degişlidigini aýdyp, ýurdumyzyň bu ugra biziň parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň, Türkmenistanyň birnäçe ýyl mundan ozal öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» ählumumy başlangyjynyň möhüm düzüm bölegi hökmünde garaýandygyna ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri diňe döredijilikli maksatlar üçin peýdalanylmalydyr. Munuň üçin kiberjenaýatçylygyň hem-de metbugat giňişliginde göz-görtele ýalan maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňünde berk böwet goýulmalydyr.

Halk Maslahatynyň Başlygy parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli, üznüksiz, geljegi ugur edinýän halkara dialog hökmünde kabul edilýändigini aýdyp, onuň işleriň giň gerimini öz içine almalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesiniň howanyň üýtgemegi, arassa agyz suwuna, howa, häzirki zaman lukmançylygyna, ilkinji bilime elýeterlilik, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi ýaly wajyp durmuş meselelerini çözmäge gönükdirilmeginiň gerimini giňeltmegi möhüm hasaplaýarys. Gyzyklanma bildirýän döwletlerdäki hem-de halkara guramalardaky hyzmatdaşlar bilen bilelikde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesiniň howandarlygynda geljegi uly täze hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamagy teklip edýäris. Bu başlangyjyň many-mazmunyny hem-de guramaçylyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Şu gün, 12-nji dekabrda Türkmenistan taryhy senäni — döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyny belleýär. Şu döwürde türkmen Bitaraplygy durmuşa ukyplydygyny, milli maksatlara, strategik wezipelere hem-de dünýä giňişligindäki meýillere doly laýyk gelýändigini görkezdi. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň sebit gatnaşyklarynyň, Merkezi Aziýanyň döwletleriniň hem-de onuň bilen serhetdeş ýurtlaryň we sebitleriň — biziň ozaldan gelýän hyzmatdaşlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine netijeli, durnuklylaşdyryjy täsiri şübhesizdir. Iş tejribesi türkmen Bitaraplygynyň binýatlaýyn esaslarynyň BMG-niň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna, onuň giň gerimli maksatnamalarynyň we strategiýalarynyň durmuşa geçirilmegine doly laýyk gelýändigini subut etdi diýip, hormatly Arkadagymyz nygtady we ýurdumyzyň öz Bitaraplygynyň mümkinçiliklerini parahatçylygyň, özara düşünişmegiň, hyzmatdaşlygyň berkarar edilmegine, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilmegine gönükdirmäge hemişe taýýardygyny tassyklady.

Hemişelik Bitaraplyk Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki maksatlaryny, şol sanda öňüni alyş diplomatiýasy, işjeň parahatçylyk dörediji, araçyllyk işleri ýaly gurallary ulanmak arkaly olara ýetilmegini kesgitleýär. Türkmenistan birnäçe başlangyçlary, şol sanda BMG-niň araçyllyk palatasyny döretmek, bitarap hem-de bileleşiklere goşulmaýan döwletlere bu guramanyň parahatçylyk dörediji tagallalarynyň çäklerinde “ileri tutulýan hyzmatdaş” derejesini bermek baradaky teklipleri öňe sürdi. Şunda biz BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň geografiýasyny giňeltmek hem-de olaryň ygtyýarlyklaryny ýokarlandyrmak zerurlygyndan ugur alýarys.

Türkmenistan üçin Bitaraplyk derejesiniň diňe bir daşary syýasatyň nusgasy däldigini nygtamak isleýärin. Bitaraplyk biziň dünýägaraýşymyzyň, döwlet hem halk hökmünde öz ornumyza, jogapkärçiligimize düşünmegiň, häzirki zaman siwilizasiýasynyň ösüşine özboluşly goşandymyzyň binýadydyr. Bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak, özara hormat goýmak hem-de düşünişmek düşünjeleri kanunçylyk derejesinde berkidilip, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we içerki döwlet gurluşynyň düýp mazmunyny kesgitleýär. Şoňa görä-de, biziň Bitaraplygymyz üýtgewsizdir, daşarky şertlere we ýagdaýlara, wagtlaýyn üýtgäp durýan şertlere durnuklydyr. Türkmenistan gün tertibiniň ählumumy, sebit we ikitaraplaýyn meselelere ähli çemeleşmelerini, başlangyçlaryny hem-de hereketlerini öz hemişelik Bitaraplyk derejesi bilen berk baglanyşdyrýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.

Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, şu günki forum dünýä ýurtlaryna jogapkärçiligi, öňdengörüjiligi, raýdaşlygy ýokarlandyrmaga, parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmäge anyk hem-de aýdyň çagyryşdyr. Parahatçylyk we ynanyşmak garaýyşlarynyň binýatlaýyn syýasy-filosofik taglymat hökmünde Milletler Bileleşigi tarapyndan goldaw tapjakdygyna, geljegiň häzirki zaman, berk, bitewi ählumumy arhitekturasyny döretmek üçin netijeli platforma boljakdygyna ynanýarys. Bize bilelikde halkara ýagdaýlary sagdynlaşdyrmak, ynanyşmagy, syýasy dialog medeniýetini dikeltmek üçin öňde uly wezipeler garaşýar. Şu günki forum bu ugurda möhüm ädimdir. Milli Liderimiz sözüni jemläp, foruma gatnaşyjylaryň ählisine parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz çykyş etmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa söz berdi. Ol çykyşynyň başynda halkara foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynyň taryhy ähmiýeti uludyr. Şol senede Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edildi. Tatýana Walowaýa pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy, ähli türkmen halkyny şanly sene bilen gutlady.

Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynyň goldawy bilen Ženewada parahatçylyk, howpsuzlyk we bitaraplyk meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk häzirki döwürde bitaraplyk ýörelgesiniň aýratyn ähmiýetini, esasan-da, dialogyň we ynanyşmagyň zerurdygyny ýene-de bir gezek tassyklady. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň dowamynda Türkmenistan tarapyndan Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen birnäçe möhüm halkara başlangyçlar öňe sürüldi. Durnukly ösüş boýunça ählumumy Gün tertibi, şol bir wagtyň özünde düşünişmezlikleriň esasy sebäplerini çözmäge, parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen “Ýol kartasydyr”. Şeýle şertlerde häzirki halkara forum tejribe alyşmak, öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak we parahatçylygy, durnuklylygy berkitmek, Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek babatda aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň geografik ýerleşişi, daşary syýasatda Bitaraplyk ýörelgesine ygrarlylygy onuň Aziýa bilen Ýakyn Gündogary we beýleki sebitleri birleşdirýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş etmegine mümkinçilik berýär. Türkmenistan halklary, ýurtlary we medeniýetleri baglanyşdyryp, parahatçylyk köprüleriniň binýadyny berkidýär. Sözüniň ahyrynda belent mertebeli myhman Türkmenistanyň halkyny bu taryhy sene bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri manyly çykyşy üçin Tatýana Walowaýa minnetdarlyk bildirip, onuň çykyşynda halkara hyzmatdaşlygyň deňhukuklylyk, parahatçylykly dialog medeniýetini goldamaga, parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlaryň beýan edilendigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz döwletleriň we halkara düzümleriň dürli ugurlar boýunça hereketleriniň ylalaşyklylygyny üpjün edýän köptaraply mehanizmleriň özara baglanyşygy pugtalandyrmakdaky möhüm ähmiýetini belläp, ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň edaralarynyň ählumumy gün tertibiniň meselelerini çözmekde wajyp ornuna ýokary baha berilýändigini nygtady.

Soňra çykyş etmek üçin BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadzä söz berildi. Onuň çykyşynda bellenilişi ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini resmi taýdan ykrar etmegi taryhy waka boldy. Bu waka halkara giňişlikde bitaraplygyň hukuk binýadyny berkitdi. Bu başlangyç Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň halkara we sebitara gatnaşyklardaky ähmiýetini aýdyň görkezdi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Baş Assambleýa tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen utgaşýar. Munuň özi Türkmenistanyň parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi berkitmäge ygrarlydygyny, 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmäge goşýan mynasyp goşandyny tassyklaýar.

Türkmenistanyň Bitaraplygy jogapkärçilikli we işjeň ýörelge bolup, dialogy, özara hormat goýmagy, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, sebitde durnuklylygy berkitmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň bu hukuk derejesi goňşy döwletler we halkara hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär. Türkmenistanyň alyp barýan öňüni alyş diplomatiýasy, şol sanda Aşgabatdaky BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi sebitiň döwletleriniň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmak, howanyň üýtgemegi we beýleki wehimlere garşy bilelikde hereket etmek üçin möhüm platformany döretdi. Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty we onuň jemleri esasynda kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasy Türkmenistanda durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk babatda uly işleriň durmuşa geçirilýändigini görkezdi. Şeýle hem Türkmenistan sebitde durnukly ösüş üçin infrastruktura, ulag, energetika taslamalaryny ilerledýär. Bu başlangyçlar integrasiýa proseslerini işjeňleşdirmäge ýardam edýär.

BMG we beýleki halkara guramalar häzirki wagtda parahatçylygyň dialog hem-de ynanyşmak arkaly gazanylýandygyny yzygiderli nygtaýarlar. Şu nukdaýnazardan, bitarap döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň üstünlikli hyzmatdaşlyk we dialog meýdançasy hökmünde eýeleýän orny barha artýar diýip, Kaha Imnadze aýtdy we şu günki forumda hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňe süren möhüm başlangyçlarynyň, şol sanda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky teklibiniň ähmiýetini belläp, Birleşen Milletler Guramasynyň bu başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.

Gahryman Arkadagymyz manyly çykyşy üçin Kaha Imnadzä minnetdarlyk bildirip, çykyşda beýan edilen meseleleriň häzirki döwürde örän uly ähmiýete eýedigini belledi we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň geljekde hem sebitimizde, onuň bilen serhetdeş çäklerde ýerleşýän ýurtlaryň parahatçylykly başlangyçlaryny ilerletmäge işjeň ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirlioglu Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilýän halkara forumda ÝHHG-ä wekilçilik etmeginiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle hem ol Merkezi Aziýa sebitine ilkinji saparynyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşýandygyna örän şatdygyny aýtdy. Bu forum Türkmenistanyň ählumumy parahatçylyga we howpsuzlyga degişli möhüm meseleler boýunça halkara dialogy işjeňleşdirmäge ygrarlydygyny görkezýär. ÝHHG Türkmenistanyň bu ugurdaky tagallalaryny giňden goldaýar. Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň möhüm hyzmatdaşy hökmünde guramanyň Aşgabatdaky merkezi bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Feridun Sinirlioglu çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli başlangyçlarynyň bilelikdäki tagallalara mundan beýläk-de itergi berjekdigine ynam bildirdi hem-de ýurdumyzyň bu ugurdaky ýeten sepgitlerine ýokary baha berdi.

Milli Liderimiz çuň manyly çykyşy üçin Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryna minnetdarlyk bildirip, onuň çykyşynda howpsuzlyk, ösüş, ynsanperwer ugurlary birleşdirýän dialogyň netijeli guraly hökmünde ÝHHG-niň wajyp ornunyň bellenilýändigini aýtdy. ÝHHG-niň howpsuzlygyň tutuş toplumyna düşünilmegine esaslanýan çemeleşmesi parahatçylyk hem-de bitaraplyk filosofiýasy bilen doly sazlaşýar. Ýurdumyz geljekde-de bu düzüm bilen oňyn hyzmatdaşlygy dowam etdirer.

Soňra Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Hana söz berildi. Ol BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli bu möhüm halkara foruma gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, ýurdumyzyň bu hukuk derejesiniň geçen döwürde Baş Assambleýanyň degişli Kararnamalary bilen tassyklanandygyny nygtady. Munuň özi halkara bileleşigiň Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna bildirýän ýokary ynamyna şaýatlyk edýär.

Şeýle hem bu gün biz BMG-niň Kararnamasy bilen 2017-nji ýylyň fewralynda esaslandyrylan Halkara Bitaraplyk gününi belleýäris. Şu babatda bu ýyl aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Çünki Baş Assambleýa 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi. Türkmenistanyň saýlap alan hemişelik Bitaraplyk nusgasy döwletleriň özygtyýarlylygyna hormat goýmak we içerki işlerine goşulyşmazlyk, ähli ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ýörelgelerine esaslanýar. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy hoşmeýilli erki we netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilendir. Bu konsepsiýa ýurduň ýolbaşçylarynyň strategik garaýşyny beýan etmek bilen, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurduň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar diýip, Asad Majid Han aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz çykyşy üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirip, onuň çykyşynda parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň esasy hökmünde özara baglanyşygyň ähmiýetiniň beýan edilendigini belledi. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giňişliginde ulag geçelgeleriniň, energetika kooperasiýasynyň, söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi döwletleriň arasynda ynamyň pugtalandyrylmagyna, durnukly ykdysady ösüşe gönüden-göni ýardam berýär diýip, Milli Liderimiz aýtdy we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitiň okgunly ösüşiniň esasy şerti hökmünde bitaraplygyň, dialogyň orny baradaky garaýyşlarynyň ähmiýetini aýratyn nygtady.

Soňra söz nobaty BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçana geçirildi. Ol bildirilen myhmansöýerlik hem-de forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, bu halkara forum häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen bir hatarda, BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) çäklerinde sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada aýdyldy.

SPECA maksatnamasy durnukly ulag ulgamyny döretmegi, söwdany ösdürmegi 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini amala aşyrmagyň möhüm bölegi hasaplaýar. Olar tehniki ugurlardygyna garamazdan, parahatçylygy döretmek, sebitiň wajyp meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk, şol sanda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, suw üpjünçiligi, tehnologiýanyň gazanylanlary babatda özara tejribe alyşmak üçin binýady emele getirýär. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Ýewropa ykdysady komissiýasynyň degişli ugurlarda sebit döwletleri, şol sanda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi. Bellenilişi ýaly, bu düzüm sebit döwletleriniň öz mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, abadan, durnukly ösýän we adalatly durmuş gurşawyny döretmek boýunça tagallalaryna mundan beýläk-de ýardam eder.

Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Tatýana Molçanyň durnukly ösüşiň, ozaly bilen, hereketleriň we çemeleşmeleriň sazlaşygy baradaky garaýyşlarynyň ähmiýetini belledi. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny toplumlaýyn ornaşdyrmagyň gurallaryny ulanan dünýäde ilkinji ýurtlaryň biri bolmak bilen, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň giňişliginde bu maksatlara ýetilmegine uly goşant goşýar.

Soňra çykyş etmek üçin BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahbana söz berildi. Ol hemmeleri mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän gününde şu forumyň geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan şeýle iri forumy kabul etmek bilen, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ählumumy tagallalary birleşdirmäge ygrarlydygyny tassyklaýar. Şunuň bilen bir hatarda, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň durmuşa geçirilmeginde möhüm ädim bolandygy aýdyldy. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Bitaraplygyň dostlugy, özara ynanyşmagy, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde netijeli gurala öwrülendigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz çuň manyly çykyş üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň ulag, sanlylaşdyrma, häzirki zaman şäherleri hem-de howa durnuklylygy ulgamynda döwrebap çözgütleri işläp taýýarlamakda möhüm ornuny nygtap, bu düzümiň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň täze ykdysady arhitekturasyny emele getirmekde goşýan goşandyna ýokary baha berdi.

Soňra Milli Liderimiz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýewe söz berdi. Ol foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan foruma çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, bu giň wekilçilikli maslahat Türkmenistanyň parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça ählumumy tagallalara uly goşant goşýandygyny aýdyň görkezýär. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň ähmiýetine üns çekildi. Dünýä bileleşiginiň bu başlangyjy goldamagy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýarlygy nobatdaky gezek tassyklady.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary çykyşynyň ahyrynda guramanyň Türkmenistanyň parahatçylyk we abadançylyk babatdaky tagallalaryna ýokary baha berýändigini aýtdy hem-de foruma gatnaşyjylara üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň ŞHG-niň sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagynyň asylly däbe öwrülendigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň yklym we dünýä işlerinde eýeleýän ornuna, onuň häzirki zaman dünýä gurluşynyň deňagramly ulgamyny kemala getirmäge goşýan goşandyna ýokary baha berip, çykyşy üçin Nurlan Ýermekbaýewe minnetdarlyk bildirdi.

Soňra BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň dolandyryjysynyň orunbasary Sýuý Haolýan çykyş edip, wekilçilik edýän guramasynyň adyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan bu halkara foruma gatnaşmaga örän şatdygyny aýtdy.

BMG-niň Ösüş maksatnamasy saglygy goraýyş, sanlylaşdyrmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, “ýaşyl” ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygynyň soňky ýyllarda ösüşiň täze tapgyryna çykandygy bellenildi. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary çykyşynyň ahyrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilýän forumda beýan edilen teklipleriň geljek ýyllarda anyk işleri durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Arkadagymyz çykyşy üçin Sýuý Haolýana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň institusional özgertmeler, sanlylaşdyrmak, durmuş-ykdysady ösüş ulgamlarynda netijeli özara gatnaşyklaryň nusgasy bolup durýandygyny nygtady. Milli Liderimiz bu düzümiň taslamalarynyň netijeli durmuşa geçirilýändigine ýokary baha berip, geljekki hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän durnukly ösüş üçin zerur şertleriň döredilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Forumda çykyş etmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş direktorynyň orunbasary Sin Suýa söz berildi. Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň geçirilýändigi we oňa gatnaşmaga çakylyk üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Sin Suý ÝUNESKO agza bolan wagtyndan bäri Türkmenistanyň medeni we taryhy gymmatlyklarynyň birnäçesiniň Adamzadyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň sanawlaryna girizilendigini belledi. Ol ýakynda bu guramanyň Maddy däl medeni miras boýunça komitetiniň Nýu-Deli şäherinde geçirilen mejlisinde Türkmenistan tarapyndan hödürlenen “Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri” atly hödürnamany goldamak hakynda çözgüdiň kabul edilendigini nygtap, şu mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi. Mundan başga-da, 2023-nji ýylda Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşulmagy, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna girizilmegi Türkmenistan bilen bu guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändigini görkezýär.

Çykyşda bellenilişi ýaly, şu günki forumyň çäginde öňe sürülýän garaýyşlar ÝUNESKO-nyň gymmatlyklary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunuň bilen bir hatarda, parahatçylygyň bähbidine bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine üns çekildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşy üçin Sin Suýa minnetdarlyk bildirip, onuň beýan eden ugurlarynyň ynanyşmagy pugtalandyrmaga, parahatçylyk medeniýetini ilerletmäge hem-de durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň oňyn häsiýetini belläp, ýurdumyzyň geljekde-de bilim, ylym, medeniýet, maddy we maddy däl mirasy gorap saklamak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktory Salim Al Malige söz berdi. Ol öňdengörüjilikli syýasaty bilen milli medeni mirasyny dünýäde tanadýan, parahatçylyk we ynanyşmak düşünjesini täze mazmun bilen baýlaşdyrýan ýurtda geçirilýän ýokary derejeli halkara forumda çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirýän oňyn Bitaraplyk syýasaty halkara giňişlikde uly hormata we ykrarnama eýe bolýar. Parahatçylyk we ynanyşmak forumy ýüze çykýan meseleleri oýlanyşykly çözmekde halkara tagallalary birleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Salim Al Maligiň sözlerine görä, birek-birege ynam we açyklyk hyzmatdaşlygy berkidýän gymmatlyklardyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bu gymmatlyklary gorap, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmegiň nusgasy hökmünde çykyş edýär. Ynam parahatçylyga eltýän ýoldur. Onuň bar ýerinde hemişe abadançylyk we gülläp ösüş höküm sürýändir.

Gahryman Arkadagymyz çuň manyly çykyşy üçin Salim Al Malige minnetdarlyk bildirip, bilim, ylym, medeniýet hem-de mirasy gorap saklamak ulgamlarynda ileri tutulýan ugurlaryň yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdaky ähmiýetini belledi.

Milli Liderimiz foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda häzirki tapgyrdaky halkara hyzmatdaşlyga giňişleýin seljerme berlendigini, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak maksady bilen, dünýä bileleşiginiň köpugurly tagallalaryny birleşdirmek babatda onuň ähmiýetiniň nygtalandygyny aýtdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň işiniň tamamlanandygyny yglan edip, mejlisiň dowamynda örän möhüm teklipleriň we konsepsiýalaryň, gymmatly başlangyçlardyr pikirleriň beýan edilendigini, olaryň şübhesiz mynasyp goldawa eýe boljakdygyny, syýasy-diplomatik işde, döwletleriň hyzmatdaşlygynda, halkara guramalaryň we birleşikleriň işlerinde peýdalanyljakdygyny belledi.

Bu forumyň esasy aýratynlygy onuň açyklygydyr hem-de maslahata gatnaşyjylaryň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini bilelikde gözlemäge taýýarlygydyr, olaryň dürli pikirleri kabul etmäge ukyplylygydyr, taraplaryň delillerine we subutnamalaryna hormat goýmagy başarýandyklarydyr. Megerem, bu ugurdaky ýeke-täk ýol hökmünde dialogyň geljegi uly, oýlanyşykly gural hökmündäki gymmatlygy şundan ybaratdyr. Onuň esasynda, hakykatdan-da, uly netijeleri gazanyp, kanuny bähbitlerini hasaba almak hem-de deňagramlylyga ýetmek üçin şertleri döretmek, hakyky ýagdaýlara laýyk gelýän, mümkinçilikleri uly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak, iň çylşyrymly netijeler boýunça ylalaşyga ýetmek hem-de oňyn gatnaşyklary ýola goýmak mümkindir. Bu babatda forum uzak geljege gönükdirilen dogry, durmuşa ukyply geosyýasy we ykdysady ugurlary kesgitledi.

Forumdaky çykyşlaryň many-mazmuny hem-de ugurlary geljege gönükdirilendir, strategik meýilleşdirmegiň giň ugurlaryny açandyr hem-de ileri tutulýan ugurlary, syýasatda, ykdysadyýetde, durmuş-ynsanperwer ulgamynda, durnukly ösüş boýunça birnäçe meselelerde dünýä meýillerine ulgamlaýyn seljerme bermegiň mysalyny görkezendir. Wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň we agzalarynyň çykyşlary, giň ugurlar boýunça geçirilen pikir alyşmalar biziň ählimiziň esasy, hakyky hem-de dolanuwsyz umumy düşünjäniň — dünýäniň ähli halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän howpsuzlygyň we ösüşiň bitewi, bölünmeýän ulgamyny döretmegiň zerurlygy bilen birleşendigimizi tutuş aýdyňlygy bilen görkezdi diýip hasap edýärin diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. Şeýle ulgamy gurmak erk-islegiň bolmagy, özara ynanyşmak, dünýäniň ykbaly üçin ýokary jogapkärçilik ýaly düýpli şertler bolan ýagdaýynda mümkindir. Bu düşünjeleri ilerletmek, olary dünýä syýasatynyň kesgitleýji şertine öwürmek maksady bilen, 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri forumy jemläp, bu çäräniň forumyň parahatçylyk we ynanyşmak diýen adynda beýan edilýän gymmatlyklaryň tarapdarlarynyň barha artýandygyny, onuň salgym däl-de, anyk düşünjelere öwrülýändigini, dünýä ösüşiniň hakyky şerti, netijeli gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň ahlak sütüni hem-de hereketlendiriji güýji bolup durýandygyny tassyklandygyny aýtdy. Elbetde, bu ýörelgeleri berkarar etmek, adam aňynda we syýasy tejribede berkitmek üçin heniz öňde uly wezipeler garaşýar. Emma biziň dogry ýol bilen barýandygymyz şübhesizdir. Şol sebäpli men Aşgabat forumynyň, onuň emele getiren döredijilikli başlangyçlarynyň geljekki bilelikdäki işlere ýardam etjekdigine, parahatçylygyň we adamzadyň ösüşiniň bähbidine anyk netijeleri berjekdigine ynanýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň we halkynyň adyndan ähli wekiliýetlere foruma gatnaşandyklary, manyly çykyşlary hem-de başlangyçlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz hemmeleri Halkara Bitaraplyk güni hem-de ýetip gelýän täze — 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumy ýapyk diýip yglan etdi.

Forumda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden teklipleri goldanyldy. Jemleýji resminama hökmünde Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.

Şeýlelikde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan wekilçilikli forum tejribe alyşmak we dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmek üçin möhüm meýdança öwrüldi. Ol 30 ýyllyk üstünlikli Bitaraplyk syýasatynyň jemini jemlemek bilen, ony özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we dialog ýörelgeleriniň sebitdäki hem-de ählumumy howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň köpugurly guraly hökmünde ulanyp bolýandygyny aýdyňlygy bilen görkezdi.

Soňky habarlar
12.12
Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ýokary derejeli halkara forum geçirildi
12.12
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
12.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumdaky ÇYKYŞY
12.12
Daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
12.12
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
12.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum
12.12
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
12.12
Gahryman Arkadagymyzyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy
12.12
Gahryman Arkadagymyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy
12.12
Gahryman Arkadagymyzyň Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktory bilen duşuşygy
top-arrow