13.09
2019
Şu gün paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Aşgabada geldi.
12.09
2019
Şu gün Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy.
12.09
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtyna gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.
12.09
2019
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Soltangeldi Berdiýewiç Babaýewi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VI gurultaýynyň 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda çykaran 6/1-nji karary tassyklanyldy.
12.09
2019
Sizi ak mermerli Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
11.09
2019
Şu gün paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýy geçirildi. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen forumyň işine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
11.09
2019
11-nji sentýabrda ýurdumyzda pagta ýygymyna girişildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda bu möhüm oba hojalyk möwsümi badalga aldy. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 18-nji sentýabrda başlanar.
11.09
2019
Ilki bilen, sizi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň şanly wakasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
11.09
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Ministrler Kabinetiniň agzasy, döwlet ministri Emir Turki Bin Muhammed Bin Fahad Bin Abdul Aziz Al Saudy we Saud Arabystany Patyşalygynyň Ösüş gaznasynyň başlygynyň orunbasary hem dolandyryjy müdiri Halid Bin Sulaiman Al Hudairyny kabul etdi.
11.09
2019
10-njy sentýabrda Buharestiň Parlament köşgündäki Konstantin Brankuzi galereýasynda türkmen halkynyň žiwopis we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Çäräni ýurdumyzyň Buharestdäki Ilçihanasy Rumyniýa-Türkmenistan dostlugy Parlamentara topary bilen bilelikde gurady.