04.11
2019
Ahal welaýatynyň ekerançylary uly zähmet ýeňşini gazandylar. Olar «ak altynyň» 207 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyryp, pagta taýýarlamak baradaky döwlet tabşyrygyny ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler.
03.11
2019
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.
01.11
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
01.11
2019
«Kärende hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda döwlet emlägini kärendesine bermegiň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, döwlet emläginiň kärendesine berilmeginiň Tertibi tassyklanyldy.
01.11
2019
Şu gün Aşgabatda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Oňa iki dostlukly döwletiň degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.
01.11
2019
Şu gün paýtagtymyzda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 26 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, ykdysady topluma girýän ministrlikleriň hem-de edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi hem-de talyplary, ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyplary gatnaşdylar.
01.11
2019
Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň maslahatlar zalynda ýurdumyzyň Merkezi döwlet arhiwiniň döredilmeginiň 90 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Arhiwiň işi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli alyp barýan syýasaty babatda amala aşyrylýar.
01.11
2019
Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 26 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
31.10
2019
«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sanynyň sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň üçünji çärýeginde ýokary derejede geçiren duşuşyklary we gepleşikleri yzygiderli tertipde beýan edilýär.
31.10
2019
Her çärýekde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çapa taýýarlanylan neşir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşy bilen açylýar.