28.05
2020
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini maliýeleşdirmek boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi.
28.05
2020
Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de «Merkezi Aziýa — Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň arasynda guralan wideoduşuşykda özara bähbitli türkmen-koreý gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
27.05
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, şäheriň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösüşine gönükdirilen taslamalaryň amala aşyrylyşy, şeýle hem Aşgabadyň günorta künjeginde ýaýbaňlandyrylan gurluşyklarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
27.05
2020
Şu gün Daşary işler ministrliginde Fransiýanyň «Total» kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Stefan Mişel bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi. Gepleşiklere «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň we ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri gatnaşdylar.
27.05
2020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
26.05
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
26.05
2020
Şu gün Daşary işler ministrliginde german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň müdirliginiň başlygy Oliwer Hermes we bu düzümiň baş direktory Mihael Harms bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi.
25.05
2020
Şu gün paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XIX köpugurly halkara sergi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän sergi şähergurluşygy, şäher düzümini kemala getirmek babatda gazanylan üstünlikleri, toplanan tejribäni we mümkinçilikleri açyp görkezdi.
25.05
2020
Şu gün ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli çäreler geçirildi. Bu gün 80 müňe golaý uçurym üçin aýratyn dabaraly we tolgundyryjy gün boldy. Olar şanly senä — döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk senesine beslenen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda özbaşdak durmuşa gadam goýýarlar.
25.05
2020
Şu gün Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyk iki ýurduň Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamyna öwrüldi.