02.06
2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Babaýew Rasul Dörtgulyýewiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Sport» teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.
02.06
2020
Şu gün, Bütindünýä welosiped gününiň öň ýanynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) prezidenti Dawid Lappartýen hem-de «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarow bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.
02.06
2020
Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) adyndan Türkmenistanda sporty we olimpiýa hereketini ösdürmäge uly goşandyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.
01.06
2020
2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Ukrainanyň Daşary işler ministri D.Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
01.06
2020
Şu gün Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler guraldy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bu sene dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, biziň döwletimiziň çagalaryň hukuklary we bähbitleri, ösüp gelýän nesil barada aladalar babatynda BMG-niň esas goýujy taglymlaryna hem-de ýörelgelerine ygrarlylygynyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyk senenamasynyň sanawyna girizildi.
01.06
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, içeri işler ministriniň we Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
01.06
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň hem-de energetika ministri Ç.Purçekowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
01.06
2020
BMG Türkmenistanyň Hökümetiniň, Mejlisiň hem-de Adalatçynyň Diwanynyň adam hukuklary ulgamynda däp bolan hyzmatdaşydyr. ÝUNISEF bilen bilelikde alnyp barylýan işler çaganyň hukuklaryny goramagyň ileri tutulýan ulgamlarynda bu hyzmatdaşlygyň örän möhüm ugry bolup durýar.
01.06
2020
Sizi jana şypaly tomus paslynyň nurana günlerinde dabaraly bellenýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň gül-gunçalary bolan körpe nesillerimiz baradaky aladalar biziň beýik geljegimize tarap ädýän buýsançly ädimlerimizdir. Şoňa görä-de, bu halkara baýramyň şanyna geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň ähli halkymyzyň, aýratyn hem şadyýan körpelerimiziň kalbynda berkarar Watanymyza buýsanjy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn!
01.06
2020
Gadyrly çagalar! Men siziň ähliňizi Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, bagt we uly üstünlikler arzuw edýärin.