30.06
2020
Birleşen Milletler Guramasynyň Ştab-kwartirasy ýerleşýän Nýu-Ýork şäherinden hoş habar gelip gowuşdy — 2020-nji ýylyň 29-njy iýunynda biziň ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy habar berdi.
30.06
2020
Şu gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň wideoaragatnaşyk arkaly «C5+1» görnüşinde duşuşygy geçirildi. Mejlise Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary hem-de Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleri gatnaşdylar.
30.06
2020
BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) ýerine ýetiriji direktory Natalia Kanem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat iberdi. Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm düzüminiň ýolbaşçysy öz hatynda COVID — 19 pandemiýasy zerarly şu ýylyň başyna meýilleşdirilen Türkmenistana saparyny gaýra goýmaga mejbur bolandygyny hem-de ýakyn wagtlarda ýurdumyza gelip görmäge umyt edýändigini beýan etdi.
30.06
2020
Türkmen gallaçylary ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar: olar 1 million 400 müň tonnadan gowrak azyklyk bugdaýy ýygnap, döwlet tabşyryklaryny ýerine ýetirdiler. Orak möwsüminiň netijeleri ekerançylaryň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge saldamly goşandy hem-de şu ýyl bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk senesine mynasyp sowgady boldy.
29.06
2020
Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti boldy.
29.06
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
29.06
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň pygamber ýaşyna ýetmegi mynasybetli Gökdepe metjidinde akgoýun toý sadakasyny berdi.
29.06
2020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
29.06
2020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
29.06
2020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.