29.01 2021
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
29.01 2021
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmyň önümçilige işjeň goşulmagy babatynda öňde goýan wezipeleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň himiýa institutynyň alymlarynyň işleriniň netijesinde öz beýanyny tapýar. Ylmy-barlag instituty Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda himiýa ylmyny we tehnologiýalary toplumlaýyn ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň çäklerinde öz işlerini amala aşyrmak bilen ýurdumyzyň lukmançylyk senagatyna uly goşant goşýar.
29.01 2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gymmat bahaly metallaryň we gymmat bahaly daşlaryň dolanyşygy bilen baglanyşykly işleriň guralyşyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetiniň ady üýtgedilip, ol Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasy diýlip atlandyryldy hem-de onuň Düzgünnamasy tassyklanyldy.
29.01 2021
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylmynyň ilkinji nobatdaky we geljegi uly wezipelerine ünsi çekip, milli ykdysadyýetimizi hem-de onuň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen depginli ösdürmek maksady bilen Diýarymyzyň tebigy serişdelerini gaýtadan işlemek we özleşdirmek boýunça tehnologiýalary işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtaýar.
29.01 2021
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça öňdengörüjilikli syýasaty bu pudagy dünýäniň ösen derejesine çykardy. Halkyň saglygynyň berkidilmegine, ýokanç we ýokanç däl kesellere garşy göreşmäge gönükdiilen çäreleriň pugta binýady döredildi.
28.01 2021
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Lebap welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri gatnaşdylar.
28.01 2021
Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde onlaýn görnüşde Halkara pul gaznasynyň (HPG) bilermenler topary bilen duşuşyk geçirildi. Bilermenler toparyna Natalýa Tamirisan ýolbaşçylyk edýär.
28.01 2021
Şu gün Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
28.01 2021
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Sadyr Japarowa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli gutlaglaryny iberdi.
27.01 2021
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, jemgyýetimizde tertip-düzgüni berkitmek, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly wezipelere we bu ugra degişli beýleki birnäçe wajyrp meselelere garaldy.
1518 sahypa
Soňky habarlar
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dabaraly açyldy
16.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Mek­si­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Prezidentini gut­la­dy