Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.
Şu gün agşam Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Nikol Paşinýana Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we hoşniýetli arzuwlaryny ýollady.
2-nji derejeli kapitan Meýlis Öwezgylyjowiç Bäşimowy Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň rektory wezipesine bellemeli.
Polkownik Serdar Aýmuhammedowiç Ýalkabowy Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň rektory wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky şahsy düzüme gözegçiligi gowşadandygy we işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň goranmak ministriniň orunbasary — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş ýaraglanyş müdirliginiň serkerdesi Babanazarow Şirmät Jumanazarowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, maýor Hakmyrat Kakabaýewiç Muhammedow Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň müdiri wezipesinden boşadyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, maýor Batyr Öwlýagulyýewiç Rejepow Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň müdiri wezipesine bellenildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binagärlik we şähergurluşyk ulgamyny kemala getirmek hem-de berk bedenli, sagdyn ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, şeýle hem çagalaryň dynç alyş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň häkimligine S.A.Nyýazow adyndaky etrapda çagalar üçin döwrebap dynç alyş seýilgähiniň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.
Şu gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sanly ulgam arkaly BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan şatlykly habary ýetirdi. Şu ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnama guramanyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Agzalan Kararnamanyň döredijileri bolup 48 döwlet çykyş etdi.