04.04 2026

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatlaryny geçirdi.

03.04 2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň üç aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

03.04 2026

Aknabat Orazmyradowna Atabaýewany, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesinden boşatmaly.

03.04 2026

Baýram Mälikberdiýewiç Taňryberdiýewi Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesine belläp, ony Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory wezipesinden boşatmaly.

03.04 2026

Arslan Öwezdurdyýewiç Gurbannazarowy Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory wezipesine bellemeli.

02.04 2026

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlamaga şatdyryn. Size rowaçlyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk, ösüş arzuw edýärin.

02.04 2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Braziliýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

02.04 2026

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi açyldy.

02.04 2026

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň täze sany çapdan çykdy.

02.04 2026

Sizi Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtynda geçirilýän «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu serginiň uly üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin. Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda yzygiderli guralýan sergiler, işewürlik maslahatlary Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerini dünýä giňden tanatmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, häzirki zaman tehnologiýalaryna daýanýan öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga ýardam edýär.

1537 sahypa
Soňky habarlar
26.10
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
25.10
“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan türkmen alabaý itiniň eýesini “Toýota Camry” kysymly ýeňil awtoulagy bilen sylaglamak bellenildi
25.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
25.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi