03.10 2021

Dynç güni säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýoluny geçip, sport maşklary bilen meşgullandy. Milli Liderimiziň nusgalyk göreldesi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, ilat köpçüliginiň, aýratyn-da, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmaklarynda möhüm orun eýeleýär.


03.10 2021

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze athananyň bina ediljek ýerini kesgitlemek maksady bilen, Köpetdagyň ajaýyp künjekleriniň birinde boldy. Şeýle hem milli Liderimiz paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde bina edilen kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.


03.10 2021

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň Russiýa bilen gatnaşyklaryň dürli ugurlary baradaky sowallaryna jogap berdi, durmuş ýörelgeleri barada gürrüň berdi, şeýle hem Türkmenistanyň Owganystanyň täze hökümeti bilen hyzmatdaşlyga taýýardygy barada aýtdy.

03.10 2021

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli, Size Moldowa Respublikasynyň halkynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaglarymy ýollaýaryn.

03.10 2021

Türkmenistanyň Prezidenti “Kiberhowpsuzlyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda we “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, maglumat howpsuzlygyna degişli işleriň durmuşa geçirilmegini doly üpjün etmek, şeýle hem Hazar deňzi institutynyň gurluşyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Hazar deňzi institutynyň gurluşy tassyklanyldy.

03.10 2021

Türkmenistanyň Prezidenti “Kiberhowpsuzlyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda we “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipeleriň we maglumat howpsuzlygyna degişli işleriň durmuşa geçirilmegini doly üpjün etmek hem-de Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň gurluşyny kämilleşdirmek maksady bilen, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň gurluşy tassyklanyldy.


03.10 2021

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.


02.10 2021

Häzirki döwürde Garaşsyz Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda maglumat alyşmak we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça gatnaşyk etmek babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär.

01.10 2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

01.10 2021

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ogulaltyn Amandurdyýewna Çerkezowa Daşoguz welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

1516 sahypa
Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady