02.09 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihael Uwe Birhoffy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

02.09 2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de “Türkmengaz” döwlet konsernini zerur bolan kompressorlar we ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine kompressorlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň “Pioneer House General Trading L.L.C” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.

02.09 2022

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň uly baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň çäklerinde guralýan Türkmenistanyň zehinli çagalarynyň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

01.09 2022

Şu gün ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Men siziň ähliňizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň bu şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ähli bilim işgärlerine, talyp we okuwçy ýaşlarymyza berk jan saglyk hem-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.

01.09 2022

Şu gün paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli guralan foruma hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

01.09 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawaly kabul etdi.

01.09 2022

Rumyniýa bilen Türkmenistanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de ösdürmek maksady bilen, jenap Ion Nawaly Siziň Alyhezretiňiziň ýanynda Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim.

01.09 2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Nguen Suan Fuka Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

01.09 2022

Şu gün Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Şu mynasybetli ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde täze — 2022-2023-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy.

01.09 2022

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýazmuhammet Orazmuhammedowiç Öwezberdiýewi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda çykaran 7/1-nji karary tassyklanyldy.

1514 sahypa
Soňky habarlar
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy