Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän ýylyň birinji çärýeginde geçirilen iri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara eýe bolan türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy guraldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 80-nji maddasyna laýyklykda we Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde bolup geçen birinji maslahatynyň barşynda gizlin ses bermegiň netijeleri boýunça:
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 80-nji maddasyna laýyklykda we Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde bolup geçen birinji maslahatynyň barşynda açyk ses bermegiň netijeleri boýunça:
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-durmuş ugurlarynda uly ösüşler gazanylýar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, Ýusupguly Aşyrgulyýewiç Eşşäýew Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlanyldy.
Sizi Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu ajaýyp halkara baýramçylygyň şanyna geçiriljek dabaralaryň mähriban Watanymyza, sagdyn we bagtyýar durmuşymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere bolan buýsanjymyzy has-da ýokarlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji aýlarynda halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk gününiň baýram edilmegi türkmen halky üçin bolşy ýaly, tutuş adamzat üçin hem şanly wakadyr.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowy kabul etdi.