Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Özbegistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça sala salşygyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Öwezgeldiýewiç Meredowyň her ýylky esasy rugsady döwründe onuň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmek daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Segsengeldiýewiç Hajiýewiň üstüne ýüklenildi.
Ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan iş saparynyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler türkmen-amеrikan gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Özbegistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça sala salşygyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny beýan etdi.
Mähriban eneňiziň aradan çykmagy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim.
Size we Siziň maşgalaňyza mähriban käbäňiz Ogulabat ejäniň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjymy beýan edýärin.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana iberen hatynda Türkmenistana we onuň halkyna hakyky dostluk gatnaşygy üçin hormatyny we minnetdarlygyny beýan edip, türk Lideriniň tiz sagalandygy hem-de Türkiýäniň gülläp ösmegi ugrundaky döwlet işini dowam etdirýändigi baradaky habary ýakymly duýgular bilen kabul edendigini belledi.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy baglaşyldy.
Şu gün ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar geçirildi. Şanly senäniň hormatyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy.