Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 01.05.2023
1591

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň barşy, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna we Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparlarynyň netijeleri bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatyň ekin meýdanlarynda oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Häzirki wagtda bugdaý meýdanlarynda ekine ösüş suwuny tutmak, ony mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Welaýatda gowaça ekişi tamamlanyp, gowaça meýdanlarynda gögeriş almak, ýekelemek, otag etmek hem-de hatarara bejergi işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ilatymyzy gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatda ýeralma, sogana we beýleki ýazlyk ekinlere agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg edilýär, pile öndürmek boýunça meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda, inženerçilik ulgamlarynda dowam edýän gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygy pudagy üçin örän möhüm bu möwsümi guramaçylykly geçirmegiň esasy talap bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häkime gowaça, bugdaýa, ýazlyk ekinlere edilýän ideg işleriniň bellenen agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmagy, olaryň depgininiň güýçlendirilmegi babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň obalarynyň, şäherçeleriniň, etraplardaky şäherleriniň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnama laýyklykda, şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew häzirki wagtda welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gowaça ekişi geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde ilkinji hatarara bejergi we otag etmek işleri dowam edýär. Bugdaýa ideg işleri bellenen möhletlerde, ýokary hilli geçirilýär. Şeýle hem welaýatda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ýazlyk ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Pile öndürmek boýunça meýilnamany berjaý etmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatyň ak ekin hem-de gowaça ekilen meýdanlarynda, ýeralma, sogana we beýleki ýazlyk ekinlere edilýän ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirmek hem-de bu işlere gözegçiligi üpjün etmek babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, möwsümleýin oba hojalyk işleri agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly geçirilýär. Welaýatda gowaça ekişi tamamlanyp, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar, şaly ekişine hem guramaçylykly girişildi. Mundan başga-da, welaýatyň bugdaý, ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilýär, pile öndürmek möwsümini üstünlikli geçirmek boýunça ähli zerur çäreler görülýär.

Häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda welaýatyň ekin meýdanlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişine ünsi çekdi hem-de bugdaýa, ýazlyk ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmegiň, şaly ekişiniň bellenen möhletlerde, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de häkime şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda gowaça ekişi tamamlanyp, gögeriş alnan meýdanlarda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilýär. Pile öndürýän hojalyklarda ýüpek gurçuklaryna ideg işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we welaýatyň ak ekin meýdanlarynda, ýeralma, sogan, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen ýerlerinde ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagy babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz häkime şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekilen ýerlerde ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini hem-de pile öndürmek boýunça meýilnamanyň berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatda gowaça ekişi tamamlanyp, gögeriş alnan meýdanlarda degişli ideg işleri alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Sebitde 2023-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli işler ýerine ýetirilýär.

Hasabatyň dowamynda pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany doly berjaý etmek üçin görülýän çäreler barada habar berildi. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda, bugdaý, ýazlyk ýeralma, sogan, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen ýerlerde ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu işleri gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan pile öndürmek boýunça meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýdyp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýylda meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, ýurdumyzyň pagtaçy daýhanlary mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen ýeňillikli bahalardan üpjün edilýär. Oba hojalygy pudagy üçin döwrebap tehnikalardyr gurallar yzygiderli satyn alynýar. Döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, daýhanlar gowaça ekişini üstünlikli tamamladylar.

Bu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, ekine ösüş suwuny tutmak we ony mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, zyýankeşleriň garşysyna bioserişdeleri ulanmak, bugdaýyň keselleriniň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça çäreler geçirilýär. Ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri alnyp barylýar. Pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda pile öndürijiler tarapyndan degişli ideg işleri dowam etdirilýär. Häzirki wagtda Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda idedilýän ýüpek gurçuklary pile sarymyna durdular.

Şeýle hem Daşoguz welaýatynda şaly ekişine girişilip, bu möwsümi bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bökdençsiz we guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de gowaça, bugdaý, ýazlyk ýeralma, sogan, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegi, pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilmegi, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagynyň gözegçilikde saklanylmagy babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça öňde goýlan wezipelere jogapkärçilikli, toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň ýokary guramaçylyk derejesinde, agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegine gözegçiligi üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi hem-de olara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna we Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparlarynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň wekiliýeti ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen ikitaraplaýyn duşuşygy hem-de türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriň her ýylky nobatdaky mejlisini geçirmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onda ikitaraplaýyn, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerine garaldy.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň arasyndaky “C5+1” görnüşindäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde howpsuzlyk, ykdysady, energetika we howanyň üýtgemegi ýaly ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlarydyr birek-biregi goldamagy işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.

Saparyň çäklerinde ABŞ-nyň Döwlet departamentinde syýasy geňeşmeleriň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, daşky gurşawy goramak, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň meseleleri, hususan-da, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri ara alnyp maslahatlaşyldy. ABŞ-nyň kompaniýalarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen oňyn tejribesi nazara alnyp, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin alnyp barylýan işleriň işjeňleşdirilmelidigi, şunda öňdebaryjy sanly tehnologiýalaryň we innowasion çemeleşmeleriň esasy ugur bolmalydygy bellenildi.

Daşky gurşawy goramak ulgamynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky işleriň hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Glazgo şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň 26-njy mejlisinde öňe süren teklipleri esasynda alnyp baryljakdygy bellenildi. Syýasy geňeşmeleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetiniň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň energetika meseleleri boýunça kömekçisi, “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory hem-de bu geňeşiň agzalary bolan amerikan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, Smithsonian institutynyň Aziýa sungaty milli muzeýiniň müdiri bilen duşuşyklary geçirdiler.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny”, gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek üçin teklipleri, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda guraljak dürli derejedäki saparlaryň Çarçuwaly meýilnamasyny taýýarlamak baradaky teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, biziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny amala aşyryp, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklara hemişe açykdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklipleri makullap, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen döwletara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady. Ol soňky ýyllarda täze many-mazmuna eýe boldy. Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy giň ugurlary öz gerimine almak bilen, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde okgunly ösdürilýär. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, bu ugurda bilelikdäki işewürlik geňeşine aýratyn orun degişlidir. Ol özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň, maýa goýum işjeňligini höweslendirmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda uly tejribe toplanandygyny hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýeterlik kuwwatyň bardygyny aýdyp, bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow ýurdumyzyň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň wekiliýeti 2023-nji ýylyň 25 — 28-nji aprelinde türkmen-german ykdysady hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň dowamynda bu ýurduň iri ykdysady guramalarynyň biri bolan German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleriniň hem-de ýurdumyzyň telekeçileriniň gatnaşmagynda Germaniýada Türkmen-german ykdysady forumyny geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Agzalan forumy ýokary derejede taýýarlamak üçin sanly ulgam arkaly üç sany mowzuklaýyn okuw maslahatyny geçirmek boýunça teklipler alşyldy.

Şeýle hem saparyň çäklerinde Germaniýanyň “Claas” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda german tarapynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, tehnologiýalar, innowasiýalar, maýa goýum, sanly tehnologiýalar we “ýaşyl” ykdysadyýet ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhümdigi bellenildi.

Mundan başga-da, Germaniýa iş saparynyň dowamynda suw hojalyk ulgamynda ýöriteleşen “Wilo” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi. Onda german tarapynyň Türkmenistan bilen ygtybarly we giň gerimli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigi aýratyn nygtaldy.

Halkara maliýe we bank ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin türkmen wekiliýeti 27-28-nji aprelde Germaniýanyň “Deutsche Bank AG” we “Commerzbank AG” banklarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň köpugurly häsiýete eýedigini hem-de okgunly ösdürilýändigini nygtady. Syýasy-diplomatik ulgamda barha ösdürilýän oňyn gatnaşyklar, ýylsaýyn pugtalandyrylýan özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, medeni-ynsanperwer ulgamdaky netijeli gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.

Bar bolan kuwwatlyklar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek, geljegi uly täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, netijeli hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, häzirki ýagdaýlara laýyklykda, onuň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenilmegine ýardam berýän ugurdaş döwlet hem-de işewürlik düzümleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, bilelikdäki ykdysady forumyň geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, türkmen-german hyzmatdaşlygyny uzak möhletleýin esasda mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimize nobatdaky zähmet rugsadyna çykmak baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz haýyşy kanagatlandyryp, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmegiň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň üstüne ýüklenýändigini aýtdy.

Soňky habarlar
19.09
Türkmenistanyň Prezidenti Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
19.09
Türkmenistanyň Prezidenti Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
19.09
Paýtagtymyzda halkara ylmy maslahat we sergi geçirilýär
19.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy
19.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli guralýan ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
19.09
Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan sergä hem-de «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
18.09
«Türkmen arhiwi» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
17.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikinji “Merkezi Aziýa — Germaniýa” sammitine gatnaşdy
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşykdaky çykyşy
17.09
Türkmenistan Germaniýanyň ekologiýa we howa bilen bagly meseleleri babatynda eýeleýän ornuna ýokary baha berýär
top-arrow