10.07 2026

Ezizgeldi Meretgeldiýewiç Aşyrowy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

10.07 2026

Döwranberdi Orazberdiýewiç Annaberdiýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Mary welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

10.07 2026

Batyr Durdygylyjowiç Orazgylyjowy Mary welaýatynyň häkimi wezipesine bellemeli.

10.07 2026

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Döwlet toparyna 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy.

10.07 2026

Sizi sahawatly türkmen topragynda guşgursak bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasylyny ýetişdirip, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli berjaý etmegiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

09.07 2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýnsi kabul etdi.

09.07 2026

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýns bilen duşuşdy.

09.07 2026

Ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylary Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Bu gazanylan üstünlik «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetirdi.

09.07 2026

Geçen aýda guralan köp sanly gepleşikler, syýasy geňeşmeler, forumlar, işewürlik duşuşyklary, hökümetara toparlaryň mejlisleri we beýleki halkara derejeli çäreler Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge üýtgewsiz ygrarlydygynyň nobatdaky beýany boldy.

09.07 2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Argentina Respublikasynyň Prezidenti Hawýer Herardo Mileýe we ýurduň ähli halkyna Argentinanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

1537 sahypa
Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa