Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hanym Klaudiýa Şeýnbauma Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Şu gün Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp, “Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Her ýyl geçirilýän forumyň ekologiýa ulgamynda gazanylanlary we türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dowam etdirilýän döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýändigini bellemek gerek.
Şu gün «Arçabil» myhmanhanasynda «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy. Bu çäre diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, dünýäniň onlarça döwletinde sanly ulgam arkaly hem şöhlelendirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň durmuşynyň her bir güni şatlykly wakalara beslenip, ildeşlerimiziň eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. 5-nji iýunda bellenilip geçilen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çap edilmegi şeýle wakalaryň biri boldy.
Şu gün Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bilim ministrligi we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen bilelikde guralan wekilçilikli forum Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna hem-de Ylymlar gününe bagyşlandy.
Sizi giňden bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak babatda uly ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çap edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda we tutuş dünýä jemgyýetçiliginde giňden bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýubomir Frebortdan ynanç hatyny kabul etdi.