Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Demirgazyk-Günorta ugry: möhüm ulag-üstaşyr geçelgesi
Syýasy habarlar
Demirgazyk-Günorta ugry: möhüm ulag-üstaşyr geçelgesi
Çap edildi 19.07.2024
1671

2024-nji ýylyň 19-njy iýulynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen ilkinji Demirgazyk-Günorta ugry boýunça söwda we logistika forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň we Owganystanyň ulag ulgamynyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşykda üç döwletiň ulag ulgamynyň geljekki ösüşleri baradaky hyzmatdaşlykda dürli meseleler ara alyp maslahatlaşdy.

Hususan-da, taraplar Gazagystan — Türkmenistan — Owganystan ugry boýunça haryt dolanyşygynyň gerimini geljekde Pakistanyň çägine çenli uzaltmak meselelerine seretdiler. Şunuň bilen birlikde, üçtaraplaýyn duşuşykda türkmen-owgan serhedinden Owganystanyň Hyrat şäherine çenli demir ýoly gurmak taslamasynyň durmuşa geçirilmegine türkmen, owgan we gazak taraplarynyň gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine seredildi.

Gepleşikleriň dowamynda «Gazagystan —Türkmenistan — Owganystan» ugrunyň Demirgazyk-Günorta ugry boýunça esasy ulag-üstaşyr geçelgesiniň bolup durýandygy bellenildi. Bu ulag-üstaşyr geçelgesiniň netijeli peýdalanylmagy bilen, haryt dolanyşygynyň möçberi 5 tonnadan 8 tonna çenli ýokarlanar. Geljekde bolsa bu görkeziji 20 tonnadan 30 tonna ýeter.

Soňky habarlar
28.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
28.08
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
28.08
Energetika ministrligine “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy
27.08
Türkmenistan — BMG: durnukly ösüşiň we ynsanperwer dialogy ilerletmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.08
Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
26.08
Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty
top-arrow