24.10
2016
Kabbadi boýunça Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen Balkan welaýatynyň kubogy ugrunda açyk ýaryşyň ýeňijileri kesgitlenildi. Ýaryşyň baş baýragyna ýer eýeleri --«Bars» toparynyň türgenleri mynasyp boldular. Olar ýaryşyň aýgytlaýjy duşuşygynda aşgabatly türgenleri 76:19 hasabynda ynamlay ýeňmegi başardylar.
24.10
2016
Aşgabat, 24-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Täze neşir watandaşlarymyza we köpsanly myhmanlara Garaşsyzlygyň 25 ýyllygy mynasybetli özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, täze kitaby milli Liderimiz geçen hepdede geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara gowşurdy.
24.10
2016
Aşgabat, 24-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХIХ maslahaty boldy. Ol Türkmenistanyň Prezidenti, bu abraýly halkara uramanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda çagyryldy. Däp bolşy ýaly, Watanymyzyň esasy baýramyna - Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp geçirilýän forumyň işine ýurdumyzyň ähli künjeklerinden, şeýle hem dünýäniň on alty döwletinden, şol sanda Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Şwesiýadan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Saud Arabystanyndan, Eýrandan, Owganystandan, Pakistandan, Belarusdan, Ukrainadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan wekiller gatnaşdylar.
23.10
2016
Aşgabat, 23-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç güni, işden boş wagty, sport bilen meşgullanmak ýaly adaty ýörelgesine eýermek bilen, Saglyk ýoluny geçdi.
23.10
2016
Aşgabat, 23-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
23.10
2016
«Biz ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmegi öz öňümizde wezipe edip goýduk. Şu maksat bilen, häzirki zaman senagat üpjünçilik ulgamlaryny , gaýtadan işleýän iri önümçilikleri döretmegi meýilleşdirýäris. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýann önümleri ýurdumyzda öndürmek hem-de özümizde öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen Döwlet meksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur işleri alyp barýarys», —diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.
23.10
2016
Aşgabat, 23-nji oktýabr, (TDH). Şu gün Adalat ministrliginde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy: demokratiýanyň, adam hukuklarynyň, ynsanperwerligiň we adalatyň dabaralanmagy» atly ylmy maslahat boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty hem-de ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde guralan maslahat bu institutyň döredilmeginiň 20 ýyllygyna gabatlanyp guraldy.
22.10
2016
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, goranmak ukybyny berkitmäge, raýatlaryň howpsuzlygyny, kanunylygy hem-de hukuk tertibini üpjün etmek işine, ýaşlary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak, wepalylyk, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelemäge goşan uly şahsy goşantlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini, işjeň hem-de önjeýli döwlet işlerini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Yaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi.
22.10
2016
Aşgabat, 22-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk gormek bilen baglanyşyky meseleler girizildi.
22.10
2016
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň has tapawutlanan işgärlerine, harby gullukçylaryna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşurmak dabaralaryna gatnaşdy.