04.12 2016
Geçen hepdäniň dynç günlerinde Belarusyň paýtagtynda taekwondonyň ITF görnüşi boýunça GDA-nyň açyk kubogy-Dünýä kubogy ugrunda ýaryş geçdi. Türkmen türgenleri bu ýaryşda 4 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal, jemi 9 medal gazanyp,ýokary netije görkezmegi başardylar.
04.12 2016
“Altyn asyr” we “Balkan” toparlarynyň futbolçylary 2017-nji ýylda geçiriljek AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda Türkmenistana wekilçilik ederler. Ýurdumyzyň Aragatnaşyk ministrliginiň topary Türkmenistanyň çempiony hem-de Kubogynyň eýesi hökmünde toparlaýyn bäsleşiklere, “Balkan” topary bolsa ýurdumyzyň çempionatynda ikinji orun alan topar hökmünde saýlama ýaryşlarynda bäsleşip başlarlar.
04.12 2016
Türkmenistanda däp bolşy ýaly her ýylyň dekabr aýynyň ilkinji ýekşenbesinde bellenilýän Goňşokara baýramy mynasybetli çäreler geçirildi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda guralan dabaralara gatnaşyjylar - il sylagly ýaşulular, medeniýet we sungat işgärleri, ýaşlar baýramçylyga gelen myhmanlary şatlykly hem mähirli garşylap, gadymy türkmen däbine laýyklykda, bir-birege duz-çörek, milli tagamlary, naz-nygmatlary hem-de ir-iýmişleri hödürlediler.
04.12 2016
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Onuň Alyhezreti Maha Wajiralongkorn Bodindradebaýawarangkuna Tailandyň Patyşasy hökmünde tagta geçmegi mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
03.12 2016
Aşgabat, 3-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň pagta önümleriniň VI Halkara sergi-ýarmarkasy hem-de “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahaty öz işine başlady. Ony ýurdumyzyň Oba we suw hojalyk ministrligi, Döwlet haryt-çig mal biržasy we Söwda-senagat edarasy bilelikde gurady.
03.12 2016
Şu gün Aşgabatda geçirilen Halkara sergi-ýarmarkasynda pagta önümlerini satmak boýunça umumy bahasy 30 million 321 müň dollara barabar bolan şertnamalar baglaşyldy. Şertnamalary Şweýsariýanyň “Paul Reinhart AG”, “Carvon Commodities LTD”, “Rezana Trading C.A.”, Türkiýäniň “Calik Cotton”, Singapuryň “Olam International LTD” we beýleki kompaniýalar baglaşdylar.
03.12 2016
Şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bina edilen iri Halkara howa menziliniň gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň geografiki taýdan amatly ýerleşmegini nazara almak bilen, sebitara we halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgesi hökmünde daşary ýurtlaryň köpçüliklýin habar beriş serişdeleriniň ýokary gyzyklanmalaryny şertlendirýär.
03.12 2016
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.
02.12 2016
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.12 2016
Aşgabat, 1-nji dekabr (TDH). Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmegine taýýarlygyň çäklerinde paýtagtymyzda geçirilen iki günlük duşuşykda öňdebaryjy halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň meselelerine garaldy.
1528 sahypa
Soňky habarlar
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
06.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
06.10
Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap