11.12
2016
Şu gün Olimpiýa şäherjiginiň Söweş sungatlary sport toplumynda jiu-jitsu boýunça Aziýanyň çempionaty tamamlandy.Ýaryşyň birinji gününde ýurdumyzyň türgenleri medallaryň 16-syny (üç altyn, dört kümüş we dokuz bürünç) eýeläp, umumytoparlaýyn hasapda öňe saýlanypdy. Ýaryşyň dowamynda türkmen türgenleri bu baýraklaryň üstüne ýene-de medallaryň 17-sini (üç altyn, bäş kümüş we dokuz bürünç) goşdular hem-de öňdäki orny özünde sakladylar.
11.12
2016
Russiýanyň Soçi şäherinde 7 ýaşdan 17 ýaşa çenli mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça dünýäniň çempionaty geçirildi. Bu ýaryşda türkmen küştçüsi Saparmyrat Atabaýew altyn medala mynasyp boldy. Ildeşimiz 17 ýaşa çenli toparda şeýle üstünlik gazandy.
11.12
2016
Siziň Alyhezretiňiz!
Sizi Türkmenistanyň Bitaraplyk güni bilen gutlamak meniň üçin uly hormatdyr. Bitaraplyk bütin dünýäde parahatçylygyň hem-de halkara howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýurduň pugta ygrarlydygyny beýan edýär.
11.12
2016
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogana Stambul şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.
10.12
2016
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işlere prokuror gözegçiligini gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirligiň başlygy Gulow Baýramnazar Allanazarowiçe berk käýinç yglan edildi.
10.12
2016
Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň maslahatlar zalynda “Türkmenistanyň Bitaraplygy we halkara tejribesi: durnukly ösüş ugrundaky hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
10.12
2016
Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň golaýynda hukuk goraýjy we harby edaralar bilen bilelikde üstünlikli geçirilen ýörite çäreleriň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini, ýasama çilimleri hem-de psihotrop maddalary ýakyp, ýok etmek boýunça nobatdaky çäre geçirildi. Türkmenistanyň Hökümeti, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Neşekeşlige garşy göreşmek baradaky döwlet utgaşdyryjy topar hem-de Içeri işler ministrligi tarapyndan guralan bu çäre döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki döwrüň iň howply wehimleriniň birine garşy göreşmekde aýgytlylygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
10.12
2016
Şu gün paýtagtymyzda şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, şäheriň köpsanly ýaşaýjylarynyň, türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň wekilleriniň gatnaşmagynda täze monumentleriň birnäçesiniň açylyşy boldy.
10.12
2016
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy.
09.12
2016
Aşgabat, 9-njy dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň 11 aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamalarynyň berjaý edilişi seljerildi, döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy we ýakyn geljek üçin öňde durýan wezipeler kesgitlendi.