04.03
2017
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Merdanguly Magtymgulyýewiç Päliwanow Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
04.03
2017
Oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak, oba hojalygyna innowasiýalary, döwrebap tilsimatlary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
04.03
2017
Şu hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 64-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, awtobenzini, nebit koksuny satyn aldylar.
03.03
2017
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, şeýle hem döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy. Mejlise harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň käbiriniň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.
03.03
2017
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talaba laýyk ideg etmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda çykaran 15080-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
03.03
2017
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ata Öweznepesowiç Serdarow şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekilçiliginiň baştutany wezipesine bellenildi.
03.03
2017
Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan ykdysady özgertmeleriň çäklerinde hususy telekeçiligiň orny barha artýar. Muňa 2017-nji ýylyň ilkinji iki aýynyň jemlerih em şaýatlyk edýär.
03.03
2017
Türkmenistanda ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilen Oba milli maksatnamasy işjeň durmuşa geçirilýär.
03.03
2017
Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýygyndysy Ýaponiýadan gaýdyp geldi. Ýakynda şol ýerde VIII gyşky Aziýa oýunlary tamamlandy. Ozal habar berlişi ýaly, biziň ildeşlerimiz şeýle wekilçilikli toplumlaýyn ýaryşlarda ilkinji gezek çykyş edip, ikinji dewiziona gatnaşyjylaryň arasynda “kiçi” altyn medala mynasyp boldular.
03.03
2017
Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýar, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine uly goşant goşýar.