17.03
2017
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet tarapyndan bilelikde guralan “Dagyň depesine çykmak” taslamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň Döwlet tugy Türkmenistanyň dag gerişlerine çykarylýar.
17.03
2017
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň güni döredildi. Täze hünär baýramy her ýylyň 7-nji martynda – Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleriniň açylyp, ulanmaga berilen güni belleniler.
17.03
2017
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň ady “Türkmenhowaýollary” gullugy diýlip üýtgedildi. Bu çözgüt Türkmenistanyň raýat awiasiasynyň işini kämilleşdirmek we ony dolandyrmagyň düzümini halkara ölçeglerine laýyk getirmek maksady bilen kabul edildi.
17.03
2017
Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti “Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda” Permana gol çekdi.
17.03
2017
Halkara Nowruz baýramy mynasybetli esasy dabaralar 21-nji martda Mary welaýatynyň merkezindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçiriler.
16.03
2017
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletine döwlet saparynyň ikinji, jemleýji güni boldy.
16.03
2017
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi—durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahaty tamamlandy. Ol ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy tarapyndan Halkara ummanlar instituty (IOI) bilen bilelikde guraldy.
16.03
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 9 ýyllygy mynasybetli Birleşmäniň agzalarynyň guraýan sergisine hem-de maslahatyna gatnaşyjylara gutlag iberdi.
16.03
2017
Aşgabatda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda Hazarýaka döwletleriniň arasynda “Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň” taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça gepleşikleriň nobatdaky tapgyry geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin bu ýere Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň wekilleri geldiler.
16.03
2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Kataryň Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça gaznasynyň (Quatar Foundation) ýolbaşçysy Şeýh Hind bint Hamad Al Tani bilen hem duşuşdy. Duşuşyga Gaznanyň beýleki resmi wekilleriniň hem birnäçesi gatnaşdy.